Tehnologiýalar merkezinde sanly ulgam arkaly enjamlary uzak aralykdan dolandyrmagyň mümkinçilikleri boýunça ylmy okuw-maslahat geçirildi

11 Awgust 2023
875

10-njy awgustda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Ýurdumyzda sanly ulgam arkaly enjamlary uzak aralykdan dolandyrmagyň mümkinçilikleri» atly ylmy okuw-maslahat geçirildi

Onuň dowamynda ýurtda sanly ulgam arkaly enjamlary uzak aralykdan dolandyrmagyň mümkinçilikleri; Türkmenistanda awtomatlaşdyrylan seýsmomonitoring ulgamyny döretmek; Himiýa institutynyň ylmy-barlag işlerinde sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy bilen ýetilen sepgitler; dürli dillerdäki çeşmeleri peýdalanmakda internet ulgamynyň häzirki zaman mümkinçilikleri; Magtymguly Pyragy portalynyň maglumat gory; topragyň agrohimiki düzüminiň esasynda sanly tematiki kartalary işläp düzmek; nebit-gaz ulgamynda IT tehnologiýalary; elektrohereketlendirijileriň dolandyryş ulgamynda maglumatlary sanly ulgam arkaly geçirmekligiň netijeliligi; enjamlary uzak aralykdan dolandyrmagyň aýratynlyklary ýaly temalardan çykyş edildi.

Beýleki habarlar