Gün energiýasynyň ähmiýeti

8 Awgust 2023
1133

Häzirki döwürde adamzat durmuşyny elektrik energiýasyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Gündelik durmuşda, oba hojalygynda, zawoddyr fabriklerde, umuman, önümçiligiň ähli pudaklarynda elektrik energiýasy giňden ulanylýar. Biziň ählimiz energiýanyň çeşmeleri hökmünde organiki ýangyçlary, kömri we tebigy gazy, nebit önümlerini göz öňüne getirýäris. Muňa garamazdan, tebigy baýlyklarymyzy geljekki nesiller üçin gorap saklamak maksady bilen, ekologiýa taýdan arassa önüm bolan energiýanyň alternatiw, adaty däl, gaýtadan dikeldilýän çeşmelerinde yzygiderli ylmy-barlag işleri geçirilip, bu ugurda uly açyşlar edilýär.

Häzirki wagtda alternatiw energiýany öndürýän elektrik stansiýalarynyň görnüşlerine Gün we ýel elektrik stansiýasy, geotermal elektrik stansiýasy, gidro elektrik stansiýasy degişlidir.

Nepes SAPARNAZAROW,
«Türkmenenergo» Korporasiýasynyň «Daşoguzenergoönümçilik» birleşiginiň hünärmeni.
Beýleki habarlar