Jümle-jahan habarlary

2 Awgust 2023
846

Şar görnüşli iň uly ekran

ABŞ-nyň Las-Wegas şäherinde dünýäde şar görnüşli iň uly ekranda ilkinji görkeziliş boldy. Sphere binasynda tomaşaçylaryň ýüzlerçesini ýygnan we köpçülige niýetlenilen bu dabara äpet ekranda şöhlelenen dürli yşyklardan düzülen şüweleň bilen başlandy. Umumy meýdany 54 müň inedördül metre barabar bolan displeý hersi ýagtylyk diodlarynyň 48 sanysyndan ybarat bolan modullaryň 1,2 millionyndan düzülendir. Bu täsin häzirkizaman ulgamy ýokary reňkgeçirijilik häsiýetine eýe bolan görnüşleriň ählisine ekranda tomaşa etmek üçin niýetlenilendir. Binada köpçülikleýin çäreleri, bäsleşikleri, filmleriň görkezilişlerini guramak üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulandyr. Sphere özünde birbada 20 müň tomaşaçyny jemläp biler.

(Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).
Beýleki habarlar