Yl­my esas­ly önümçilik

3 Awgust 2023
1004

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» çäginde ýurdumyzyň himiýa, gurluşyk, senagat, nebitgaz, oba hojalyk we dokma pudaklarynyň ylmy taýdan kämilleşdirilmegi babatynda uly işler alnyp barylýar.

Häzirki wagtda Himiýa institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» durmuşa ornaşdyrmak maksady bilen, ýerli çig mallaryň esasynda täze önümçilikleri döretmek, hereket edýän önümçilikleri döwrebaplaşdyrmak boýunça ylmy-barlag we seljerme işleri alnyp barylýar.

Oraz ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň direktorynyň ylmy işler boýunça orunbasary.
Beýleki habarlar