«TIZ BELLIK»: ÇALT WE TYGŞYTLY

3 Awgust 2023
1100

Ýaş alym awtobuslary bellige alnyş nokadynda dispetçerlik işini sanlylaşdyrmakda «Tiz bellik» atly programmany işläp taýýarlady. Bu programma nokatlardaky dispetçerlik işini doly awtomatlaşdyrýar. Programma ulanylyşa girizilse, bellige alyş nokadyndaky dispetçerlik işleri üçin häzirkisinden birnäçe essä çenli wagt tygşytlanar.

Ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň döwrebap mümkinçilikleriniň  aglabasynyň türkmen ýaşlarynyň ylmy gözleglerinden kemal bolandygyny siz hem bilýänsiňiz. Bu bolsa ýaşlary täze ylmy gözleglere höweslendirdi. Şol gözlegleriň netijesinde «Akylly» şäher» konsepsiýasyna goşant goşjak netijeli işleriň birnäçesi durmuşa geçirildi. Türkmenistanyň Inžener tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby Güýçgeldi Kerimowyň geçiren ylmy gözlegleri hem, hut, şu wezipä bagyşlandy. Has takygy, ýaş alym «akylly» şäherlerde awtobuslaryň bellige alyş ulgamyny sanlylaşdyrmak boýunça gözlegleri geçirip, oňyn netijeleriň üstünden bardy. Güýçgeldiden alyp baran ylmy işiniň ähmiýeti barada soranymyzda, ol ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmekden, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, ulag edaralarynda edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmakdan hem-de usulyýetini kämilleşdirmekden ybaratdygyny aýtdy. Işiň netijesi sanly ulag ulgamyny ösdürmäge, bu ugurda tehnologik täzeçilligi döretmegi, ýaýratmagy, ýurdumyzyň ulag edaralarynyň tehnologiýa taýdan hasda ösdürilmegini çaltlaşdyrmaga, ulaglaryň hereketini hasaba almakda, hasabatlaryň taýýarlanmagynda, şol maglumatlaryň tor arkaly elýeterliligini üpjün etmäge ýardam berer. Ýokarda-da, nygtaýşymyz ýaly, ýaş alym «akylly» şäherde sanly dispetçer ulgamyny ornaşdyrmagyň programma üpjünçiligini işläp taýýarlady. Munuň üçin ol öňünde «akylly» şäheriň awtobuslaryny bellige alyş nokadynyň dispetçerleriniň işini doly awtomatlaşdyrmak, «Delphi 10 lite» programmirleme dilini ulanmak arkaly «Tiz bellik» programmasyny işläp taýýarlamak hem-de ony dispetçer ulgamyna ornaşdyrmak, täze tehnologiýalary we innowasion çözgütleri ornaşdyrmak, dispetçeriň işini meýilleşdirmegiň we alyp barmagyň hilini ýokarlandyrmak, dispetçeriň işini dolandyrmakda ýüze çykýan kemçilikleri aradan aýyrmak, dolandyryşa sarp edilýän wagty tygşytlamak ýaly wezipeleri goýdy. Ylmy işiň serişdesi hökmündede «akylly» şäheriň awtobuslary bellige alyş nokady saýlanyp alyndy. «Tiz bellik» atly programma nokatlardaky dispetçerlik işini doly awtomatlaşdyrýar. Programma ulanylyşa girizilse, bellige alyş nokadyndaky dispetçerlik işleri üçin häzirkisinden birnäçe essä çenli wagt tygşytlanar. Taýýar bolan programma dispetçeriň işini meýilleşdirmegiň we alyp barmagyň hilini ýokarlandyrmaga, işi dolandyrmakda ýüze çykýan kemçilikleri aradan aýyrmaga ýardam berer. Güýçgeldä bu işde awtoulag kärhanasynda işleýän daýysy maslahatçy boldy. Oňa institutyň uly mugallymy ykdysady ylymlarynyň kadidaty Bahar Annagurbanowa ýolbaşçylyk etdi. Žurnalymyzda şu wagta çenli paýlaşylan beýleki işlerden tapawutlylykda, Güýçgeldi Kerimowyň işi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan ýörite Şahadatnama bilen tassyklanyldy. Ol işini Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän awtoulag toplumynda ulanmak üçin hödürlemegi meýilleşdirýär. Ýeri gelende aýtsak, ol bu işi bilen ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda yglan edilen ylmy işleriň bäsleşiginiň şu ýylky ýeňijileriniň hem biri boldy.

Agageldi ITALMAZOW,
«ArkadaglyÝaşlar».
Beýleki habarlar