Sanlylaşdyrma — ösüşiň möhüm şerti

18 Awgust 2023
922

Tehnologiýalaryň çalt özgerýän zamanasynda sanly ulgam durmuşyň we ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna işjeň ornaşdyrylýar. Bazar bäsdeşliginiň güýçlenýän şertlerinde sanly ulgama geçip, döwrüň tizligine eýermek işewür düzümler we önümçilik kärhanalary üçin aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagy bäsdeşlikde üstünlik gazanmaga ýardam berýän esasy şertleriň biridir. Şoňa görä-de, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» çäklerinde döwlet hyzmatlaryny we hususy işewürligi sanlylaşdyrmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Işewürlik babatda aýdylanda, sanly ulgama geçiş kärhananyň işine döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny aňladýar. Munuň özi diňe bir kämil enjamlaryň we programma üpjünçiliginiň peýdalanylmagyny däl-de, dolandyryşda, işewürlik medeniýetinde, müşderiler we hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklarda düýbünden täzeçil çemeleşmeleri göz öňünde tutýar. Şeýle edilende, her bir işçiniň ýa-da hünärmeniň öndürijiliginiň artmagy bilen birlikde, hyzmatdan hoşal müşderileriň sanynyň hem köpelmegine getirýär. Bu bolsa kärhananyň abraýyna oňyn täsirini ýetirýär.

Selimberdi HOJABERDIÝEW,
Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.
Beýleki habarlar