«Akylly» öýleriň amatlyklary

9 Awgust 2023
1004

Halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan şanly senede Arkadag şäheriniň açylmagy iň bir guwandyryjy wakalaryň biri boldy. «Akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alyp, bu ýerde ähli desgalar sanly ulgama geçirildi. Onuň durmuşa ornaşdyrylmagyna Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary uly höwes bilen işjeň gatnaşdylar.

Arkadag şäherindäki «Akylly öý» tehnologiýasy esasynda işleýän ähli elektrik enjamlaryny aralykdan sesiň üsti bilen hem-de el telefonlaryň kömegi bilen dolandyrmak mümkinçiligini berýär. «Akylly öýüň» içindäki ähli elektrik enjamlary el telefonlary we ses buýruklary arkaly aralykdan, şeýle hem elde dolandyrylýar. «Akylly öý» ulgamynyň her bir elektrik enjamyny dolandyrmak üçin ýörite elektrik shemalary we programma üpjünçiligi işlenilip taýýarlanyldy. Elektrik enjamlary el telefonyň kömegi bilen dolandyrmak üçin «Akylly öý» ulgamyna ýörite niýetlenip, işlenip taýýarlanan programma üpjünçiligini el telefonyna ýüklemeli we ol programma üpjünçiliginde hasap açmaly. Bu programma üpjünçiliginde dolandyryp bolýan ähli enjamlaryň häsiýetnamalary, olary dolandyrmagyň düzgünleri barada giňişleýin maglumatlar bar, ýagny ulanyjy üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulan. Şeýlelikde, bu programma üpjünçiligi işleriň yzygiderli amala aşyrylmagyna ýardam edýär.

Şanazar ARAZGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby. Surata düşüren Hasan MAGADOW.
Beýleki habarlar