"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Baky bagtyýarlygyň binýady

Baýdak Ýer ýüzünde her bir döwletiň resmi taýdan ykrar edilen döwlet nyşany, şeýle-de her bir halkyň ykbalyny, watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň mukaddes düşünjelerini bitewüleşdirýän gymmatlykdyr. Baýdak her bir ýurduň esasy döwlet nyşany bolup, şol halkyň garaşsyzlygyny, erkinlik hakyndaky düşünjelerini alamatlandyrýar. Konstitusiýa bolsa döwletiň hukuk gurluşyny, ykdysady, syýasy ýörelgelerini kesgitleýär. Baş Kanunymyzyň türkmen jemgyýetinde agzybirligi we galkynyşy üpjün etmekdäki ähmiýeti juda uludyr. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň Esasy Kanuny mizemez kadalary saklap galmak bilen birlikde döredijilikli ösdürilýän resminama hökmünde kämilleşdirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan özgertmeler ýurdumyzyň ägirt uly mümkinçiliklerinden täzeçe görnüşde peýdalanylýandygy bilen häsiýetlendirilýär. Şeýle çemeleşme kanunçylyk-hukuk binýadyny pugtalandyrmakda we ösdürmekde özüniň netijeliligini görkezýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan konstitusion özgerişlikler galkynyşly döwürde täze kanunlaryň gaýra goýulman, kabul edilmegini we olaryň durmuşa ornaşdyrylmagyny ündemeklige gönükdirilendir. Bu bolsa, öz gezeginde, mundan beýläk-de döwleti demokratiýalaşdyrmak we hukuk döwletini g

Türkmenistan – bagtly mekan

Türkmenistan — bagtly mekan, rowaçlanyp öňe barýar,Watanmyzyň mertebesi al-asmana — arşa galýar.Päk ýürekli türkmen aga, şuglaly ak daňa barýar,Çünki biziň arkamyzda Arkadagym — Merdanym bar, Ýurduň keşgin çekip barýan Arkadagly Serdarym bar.Hana üste hana açýar gowaçalar pellermizde,Rysgal-döwlet egsilmeýär, erkimiz öz ellermizde.Begenjimiz-buýsanjymyz — Watan waspy dillermizde,

Beýik taryhyň takyk beýany

Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda taryhy maglumatlaryň üsti bilen gadymy şäheriň şanly geçmişi dabaralandyrylýar. Kitabyň mazmunynyň arheologiki tapyndylara, häzirki döwre çenli saklanyp galan özboluşly binagärlik ýadygärliklerine bagyşlanmagy taryhçylar bilen birlikde ýaş nesliň hem her birinde uly gyzyklanma döredýär. Kitapda Änew medeniýetini ilki açan amerikaly alym Rafael Pampelliniň, şeýle-de Wadim Massonyň, Wiktor Sarianidiniň we beýleki görnükli alym-arheologlaryň ekspedisiýalarynyň netijesinde ýüze çykarylan maglumatlar barada gürrüň berilýär. Kitabyň her baby türkmen halkynyň taryhy geçmişini, milli-medeni gymmatlyklaryny, baý medeni mirasyny, ruhy däp-dessurlaryny gorap saklamak we ýaýmak boýunça alnyp barylýan işler barada umumy düşünjäňi baýlaşdyrýar.

Döwlet berkararlygynyň nyşany

Ösüşleriň röwşen ýolundan bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Munuň özi ýurdumyzyň, mähriban halkymyzyň agzybirliginiň, asudalygynyň we parahat durmuşynyň aýdyň nyşanydyr. Mälim bolşy ýaly, her ýylyň 18-nji maýynda Garaşsyz, baky Bitarap ata Watanymyz goşa baýramy — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi dabaraly ýagdaýda belläp geçýär. Hormatly Prezidentimiziň «Häzirki döwürde alnyp barylýan işler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmeginde, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň berkidilmeginde ähmiýetlidir» diýen sözleri bu gün berkarar Diýarymyzyň beýik ösüşlerinde dabaralanýar. Döwlet baýdagymyzy we Esasy Kanunymyzy dabaralandyrýan bu baýram halkymyzyň giň gerimde we agzybirlikde belläp geçmegi jemgyýetimiziň beýik watansöýüjilik ýörelgeleriniň belent ykrarnamasydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasy hem-de Döwlet baýdagy jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanyp, pederlerimiziň paýhasynyň kämil binýadydyr. Döwletimiziň Esasy Kanuny milli demokratiýamyzyň iň kämil derejesi bolmak bilen, raýatlarymyzyň asuda we abadan durmuşda ýaşamagyny, işlemegini, bilim almagyny, döredijilikli zähmet çekmegini, erkinligini kepillendirýär.

Berkararlygymyzyň synmaz sütünleri

18-nji maý — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni Merdana ata-babalarymyzyň agzybir, parahat we oňşukly ýaşamaklygy ündän wesýetlerine wepalylygymyzy, umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarlylygymyzy beýan edip we adamyň, raýatyň hukuklary, azatlyklary kepillendirilip kabul edilen Konstitusiýamyz milli döwletliligiň mizemez nyşany bolup durýar. Ol ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan berkarar ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp alyp barýan ynsanperwer, parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny durmuşa geçirmekde esasy ýörelgedir. Adam we onuň bagtyýar hem eşretli durmuşda ýaşamagy hakyndaky aladany ileri tutýan Esasy Kanunymyz jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň hem raýatyň bähbitlerine hyzmat edýär, döwlet häkimiýet edaralarynyň öňünde adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek boýunça baş wezipeleri goýýar.

Umumadamzat bähbitli işler

Ýurdumyzyň daşary syýasatda alyp barýan işleri tutuş adamzadyň parahatçylykly, asuda, bagtyýar ýaşaýşy baradaky alada gönükdirilendir. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi munuň nobatdaky subutnamasydyr hem-de berkarar döwletimiz üçin uly abraý-mertebedir. Ol ata Watanymyzyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek, döwletleriň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek ugrunda alyp barýan işleriniň tutuş dünýäde goldaw tapýandygynyň kepili bolup durýar. Dünýäde dostlugy dabaralandyrmak ugrunda tagallalaryny gaýgyrmaýan Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine alyp barýan ynsanperwer işleri halkara jemgyýetçilik tarapyndan goldanylýar hem-de ýokary baha mynasyp bolýar. Muňa ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen ençeme Kararnamalar şaýatlyk edýär. Bu resminamalar durnukly ösüşi gazanmakda, birek-birege hormat goýmakda, ynanyşmakda, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. 

Beýik ösüşlerimiziň gözbaşy

18-nji maý — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni Berkararlygymyzyň baky nyşany bolan Konstitusiýamyz döwletlilik, demokratik, ynsanperwer, adam gymmatlyklaryny hormatlamak ýörelgelerini özünde jemleýär. Esasy Kanunymyzda döwleti dolandyrmakda ata-babalarymyzyň toplan baý taryhy tejribesi esas edilip alnandyr. Konstitusiýamyzda adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek baradaky alada öň hatarda durýar. Şonuň bilen birlikde, döwletiň her bir raýatyň öňünde jogapkärdigi, şahsyýetiň erkin ösmegi üçin şertleriň döredilmegini üpjün edýändigi, raýatyň janyny, at-abraýyny, mertebesini, azatlygyny, şahsy eldegrilmesizligini, tebigy we aýrybaşgalanmaz hukuklaryny goraýandygy baradaky kadalar öz beýanyny tapýar. Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň Konstitusiýasynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdir. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp taglymatlarynyň Esasy Kanunymyzdan gözbaş alýandygyny görkezýär. 

Milli gymmatlyklarymyza buýsanç

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyz bütin dünýäde ählitaraplaýyn ösen döwlet hökmünde ykrar edilýär. Ýetilýän belent sepgitleriň özenini Esasy Kanunymyza laýyklykda durmuşa ornaşdyrylýan maksatnamalaýyn işler düzýär. Döwletimiziň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy döwletliligimizi alamatlandyrýan nyşanlarymyz bolup, olar Watanymyzyň garaşsyzlyk hem-de bitaraplyk ýörelgelerini we agzybir türkmen halkynyň parahatçylyk, döredijilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik gatnaşyklaryna bolan üýtgewsiz ygrarlylygyny özünde jemleýär. Goşa mukaddeslik umumadamzadyň ruhy gymmatlyklary bilen sazlaşyp, çuňňur mana eýedir hem-de halkymyzyň nurana geljegine bolan garaýyşlaryny äşgär edýär. Watanymyzyň saýlap alan döredijilikli ýoly bilen ösüşiň we rowaçlygyň belentliklerine tarap bolan ynamly ädimini has aýdyňlygy bilen beýan edýär.  Ak ertirlerimize bolan synmaz ynamy öňküden hem pugtalandyrýan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni uly dabaralara beslenip bellenip geçilýär. Milli gymmatlyklarymyzyň agzybirlik bilen toýlanýan baýramy halkymyzyň çuňňur watansöýüjilik duýgularyny kämilligiň belentliklerine göterýär.

Ajaýyp baýramyň belent ruhunyň waspy

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli welaýat häkimliginiň, welaýat medeniýet müdirliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Balkanabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasynda geçirilen baýramçylyk dabarasy ýokary ruhubelentlige beslendi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Baýramçylyk dabarasynda çykyşlara giň orun berildi. Soňra edebi-sazly kompozisiýa görkezildi. Esasy Kanunymyzyň hem-de Döwlet baýdagymyzyň özara sazlaşygynyň aýdym-sazly çykyşlaryň üsti bilen açylyp görkezilmegi örän täsirli boldy. Welaýatyň tanymal sungat ussatlarynyň goşa mukaddesligi wasp edýän aýdymlaryna, belentden ýaňlanýan sazlaryna goşulypýerine ýetirilen tanslar dabaranyň şatlyk-şowhunyny artdyryp, oňa gatnaşanlaryň baýramçylyk ruhuny ýokary göterdi. Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerini, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, Döwlet baýdagyny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan özgertmeleri, gözel tebigatymyzy, dost-doganlygy wasp edýän aýdymlar ýerine ýetirildi. Halk döredijilik toparlarynyň çykyşlary hem belent

Baky bagtyýarlygyň baýramy

Toýlary toýlara ulaşýan döwletimizde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de türkmeniň buýsanjyna öwrülip, al-asmanda asuda pasyrdaýan Döwlet baýdagymyzyň baýramynyň bir günde bellenilmeginde çuňňur many bar. Goşa mukaddeslik halkymyzyň milli buýsanjydyr. Olaryň şanyna tutulýan toý bolsa agzybirligimiziň, berkararlygymyzyň, bagtyýarlygymyzyň baýramydyr.  Berkarar döwletimiziň ygtybarly hukuk binýady bolan Konstitusiýamyz halkymyzyň asyrlarboýy kalbynda besläp gelen isleg-arzuwlaryny, agzybirlik, ynsanperwerlik, azatlyk, watansöýüjilik düşünjelerini, döwletimiziň daşary syýasatynda alyp barýan bitaraplyk ýörelgelerini özünde jemleýär. Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýurdumyzda uly işler durmuşa geçirilýär. Dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna goşulan eziz Diýarymyz parahatçylygyň, dost-doganlygyň, sungatyň, medeniýetiň, sportuň halkara derejede dabaralanýan ýurduna öwrüldi, ykdysadyýet, bilim, saglygy goraýyş we beýleki ulgamlar ajaýyp ösüşlere beslendi.

Sanly tehnologiýa — döwrüň talaby

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz kompýuter we telekommunikasiýa tehnologiýalaryny peýdalanmak bilen, belli bir aralykdan bilimleri we maslahatlary bermek boýunça goşmaça elektron hyzmatlaryny hödürlemegiň hasabyna sanly düzümi ösdürmekde giň mümkinçiliklere eýedir. Bu babatda hünärmenleriň tejribesi öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagy çaltlandyrmaga ýardam edýär. Şu esasda hem ýurdumyzyň orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde, şol sanda biziň uniwersitetimizde hem multimediýa we interaktiw tehnologiýalar hem-de okatmagyň häzirki zaman serişdeleri giňden peýdalanylýar. Bu bolsa bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Şeýle bolansoň, dünýä tejribesini düýpli öwrenmek, günsaýyn ösýän tehnologik enjamlary önümçilige ornaşdyrmak, okuw mekdeplerinde hünär öwrenýän ýaşlaryň innowasion serişdelerini giňden peýdalanmaklaryny gazanmak, netijede, hemmetaraplaýyn ösüşleri üpjün etmek wezipeleriniň ähmiýeti barha ýokarlanýar. Häzirki ösen döwrümizde kompýuter enjamlarynyň, kämil tehnologiýalaryň durmuşyň ähli ugurlarynda mynasyp orny eýeleýändigi bellärliklidir. Şonuň üçinem döwrebap düşünjeli, kompýuter enjamlaryndan oňat baş çykarýan, kämil tehnologiýalara erk edýän ýaşlary ýetişdirmek döwrüň möhü

Goşa mukaddeslik

Ýurduň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy onuň hukuk sütüni hem-de garaşsyzlygynyň mizemez nyşany bolup durýar. Hukuk nazaryýetinde bellenilişi ýaly, Konstitusiýa ýurduň esasy hukuk namasy bolup, onuň kadalary döwletiň durmuş-ykdysady, syýasy we çäk gurluşynyň binýatlaýyn başlangyçlaryny, döwletiň hukuk ýagdaýyny, onuň jemgyýet, şahsyýet hem raýat bilen özara gatnaşygynyň hukuk esaslaryny, şonuň ýaly-da döwlet häkimiýet edaralarynyň gurluşyny kesgitleýär. Ýurduň esasy tapawutlandyryş nyşany bolan Baýdagy halkyň asyrlarboýy taryhyny, milli aýratynlyklaryny özünde mazmunlaýyn jemleýär. Berkarar ýurdumyzyň adalatly hem ynsanperwer Konstitusiýasynyň 22-nji maddasynda Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşanlarynyň — Döwlet baýdagynyň, Döwlet tugrasynyň, Döwlet senasynyň bardygy, döwlet nyşanlarynyň ýazgysy we olary peýdalanmagyň tertibiniň kanun bilen kesgitlenilýändigi barada aýdylýar. «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň halkymyzyň agzybirliginiň we Garaşsyzlygynyň hem-de döwlet Bitaraplygynyň nyşanydygy bellenilýär.

Ösüşlerde bedewleriň bady bar

Ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň sagdyn ösüp-ulalmagy, bilim almagy, abadan durmuşyň hözirini görmegi baradaky alada döwlet syýasatynda ileri tutulýar. Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynda olaryň ähli mümkinçiliklerden doly derejede peýdalanmagy, dürli bäsleşiklere we sport ýaryşlaryna gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanmagy, ylmyň täze gazananlaryny özleşdirmegi üçin ähli şertler döredilýär. Mundan başga-da, ýurdumyzda kämil tehniki enjamlar bilen üpjün edilen umumybilim berýän orta, orta hünär, ýokary okuw mekdepleriniň sanynyň barha artmagy, bilim berlişiniň kämilleşdirilmegi, ýokary hilli okuw gollanmalarydyr kitaplar bilen yzygiderli üpjün edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ýaş nesiller baradaky aladalarynyň netijesidir. Biz — mugallymlar hem ýaş nesliň berk bedenli, hemmetaraplaýyn kämil, geljekde Watanymyza ak ýürekden hyzmat etjek, il-halka, ene-ata haýyrly adamlar bolup ýetişmegini gazanmagy özümize uly borç hasaplaýarys. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz ähli şertleri döredýär.

Goşgy

Görüner «Seýil edeliň bu jahana,Jahanda näler görüner».Magtymguly.

Waspyň sena boldy dillere, bedew!

Gahryman Arkadagymyz «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly ajaýyp kitabynda: «Oguz hanyň pentleri, Gorkudyň boýlary, Göroglynyň batyrlygy, Magtymgulynyň watançylygy hakynda aýdanymda, men şol döwre mahsus sypatlaryň esasysy — bedewe erk etmek, bedewleri kemala getirmek, olary seýislemek sungaty barada oýlanýaryn» diýip belleýär. Halk döredijilik eserlerimizden başlap, nusgawy edebiýatymyzda görnükli orny eýelän, tarypyna namalar ýazylan, şanyna gazallar düzülen, ady rowaýata öwrülen türkmen bedewleri şanly taryhymyzyň janly hakykaty, oňa bagyşlanan eserler bolsa umumadamzat dünýäsiniň hakydasydyr. Taryhy şahsyýetlerimiziň edermenlik, mertlik, batyrlyk ýaly nusgalyk häsiýetleri, göreşli hem ýeňişli menzillerde görkezen gaýraty bedewlere bolan synmaz söýgüsine ornapdyr. Muňa «Görogly» şadessanynda Göroglynyň Gyratyny syrdaşyna, gardaşyna deňemegi, oňa ýanbermez ynam, yhlas, belent söýgi bilen garamagy şaýatlyk edýär. Eserde ylahydan berlen duýgur ýürekli, arslan kükrekli bedewiň keramatly häsiýete eýedigi «Jylawynda iki pir bar» diýen setiriň üsti bilen beýan edilýär. Eseri okadygyňça, Göroglynyň gardaşyna deňän Gyraty bilen söhbetdeş bolýan pursatlary, Jygalybegiň seýisçilik sungaty, Göroglynyň çapyksuwarlyk ussatlygy, golunda sazy, dilinde bäş keleme sözi bilen Gyratyn

Watançylyk taglymaty — döwürleriň baky aýdymy

Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby halkymyza, hususan-da, bize — ýaşlara «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda özboluşly sowgat boldy. Gahryman Prezidentimiz bu kitabynyň «Taryhy birleşdirýän uly wakalar» diýlip atlandyrylan babyndaky taryh bilen bagly gürrüňleriň dowamynda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyndan hem söz açýar: «Änew şäheriniň türki dünýäsinde eýeleýän ornuny dabaralandyrýan wakalaryň, Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsini adamzadyň öňünde täzeden janlandyrýan çuň mazmunly çäreleriň biri-biri bilen utgaşyklylygy hem tebigylykdyr. Çünki Magtymguly Pyragy adamzadyň ruhy medeniýetiniň ösüşine goşandyny goşan belli şahsyýet bolsa, gadymy Änew topragy maddy medeniýetiň gymmatly ýadygärlikleriniň mekanydyr». Şeýle diýmek bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ruhy we maddy medeniýetiň arabaglanyşygyna hem-de olaryň adamzat ýaşaýşyndaky zerurlygyna ünsi çekýär.  Arkadagly Gahryman Serdarymyz özüniň gymmatly kitabynyň «Watan hakyndaky müdimi owaz» diýen bölüminde: «Magtymguly Pyragynyň goşgulary ýöne bir duýga ýugrulan goşgular däldir, olar beýik akyl-paýhas taglymatydyr, ylym-bilim sapagydyr, danalaryň öz nesillerine öwüt-nesihatydyr» diýip bellemek bilen, Magtymgulynyň ş

Toý-baýrama beslenýär Pyragynyň mekany

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hem-de welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda geçen anna güni «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda «Magtymguly geçmişimiz, şu günümiz we geljegimizdir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa gatnaşyjylar çäräniň dowamynda Magtymguly Pyragy muzeýiniň öňündäki meýdançada medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna hem-de «Akyldary sarpalap, galkyndyryp çar ýany, toý-baýrama beslenýär Pyragynyň mekany» atly edebi-sazly kompozisiýa tomaşa etdiler. Soňra akyldar şahyryň heýkeline ter gül çemenlerini goýup, beýik söz ussadyna tagzym etdiler. Bu ýerde «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek boýunça bäsleşige gatnaşýan zehinli çagalaryň çekýän suratlary maslahata gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Ýaşlar Magtymguly Pyragy muzeýine aýlanyp, bu ýerdäki gymmatlyklar bilen tanyşdylar, sergide görkezilen amaly-haşam, el işlerine syn etdiler. 

Köňüllerde guwanç, dillerde dessan

Gahryman Arkadagymyzyň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda: «Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir» diýip belleýşi ýaly, häzirki döwürde akyldaryň hormat-sarpasy has-da ýokary göterildi. Şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bu günki dabaralary bolsa halkymyzyň şahyra bolan buýsanjyny artdyrýar. Magtymgulynyň halkyna, Watanyna bolan söýgüsini, mährini hiç zat bilen deňäp bolmaýar. Şahyryň beýikligi hem onuň öz halkyna, türkmen topragyna bolan söýgüsinden gözbaş alýandyr. Onuň beýikligini asyrlar, heňňamlar hem köneldip bilmändir. Ýyllar geçip, asyrlar aýlanýar, emma ýüreklerimizde baky ýer eden Magtymguly şahyryň şygryýet dünýäsine, ömrüne bolan hormat, söýgi, tagzym üýtgewsizdir. Şahyryň goşgulary kalbyňy heýjana salýar, pähim-paýhasdan, öwüt-ündewlerden teşnelik bilen gandyrýar. Olar durmuşyň her güni, aýy, ýyly üçin ýoluňa ýagtylyk saçýar. Beýik şahyryň her bir goşgusy uly dessan ýalydyr.

Muzeý gymmatlyklara baýdyr

Änew şäheriniň üstümizdäki ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýen derejäni götermegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň hem-de etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda ildeşlerimiziň arasynda täsirli çäreler guralýar. Änew şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýine guralan syýahat hem şeýle çäreleriň biri boldy. Nobatdaky syýahata jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşyp, olar sergi zallaryna aýlanan mahalynda gadymy Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen taryhy ýadygärliklerden dürli ýyllarda tapylan gymmatlyklary uly gyzyklanma bilen synladylar. Muzeýiň hünärmenleriniň şol gymmatlyklaryň taryhy hakdaky gürrüňlerini diňlemek olar üçin täsirli boldy.

Azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisine gatnaşyjylara

Hormatly sergä gatnaşyjylar!Gadyrly myhmanlar! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda geçirilýän azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.