Sanly tehnologiýa — döwrüň talaby

15 Maý 2024
161

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz kompýuter we telekommunikasiýa tehnologiýalaryny peýdalanmak bilen, belli bir aralykdan bilimleri we maslahatlary bermek boýunça goşmaça elektron hyzmatlaryny hödürlemegiň hasabyna sanly düzümi ösdürmekde giň mümkinçiliklere eýedir. Bu babatda hünärmenleriň tejribesi öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagy çaltlandyrmaga ýardam edýär. Şu esasda hem ýurdumyzyň orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde, şol sanda biziň uniwersitetimizde hem multimediýa we interaktiw tehnologiýalar hem-de okatmagyň häzirki zaman serişdeleri giňden peýdalanylýar. Bu bolsa bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Şeýle bolansoň, dünýä tejribesini düýpli öwrenmek, günsaýyn ösýän tehnologik enjamlary önümçilige ornaşdyrmak, okuw mekdeplerinde hünär öwrenýän ýaşlaryň innowasion serişdelerini giňden peýdalanmaklaryny gazanmak, netijede, hemmetaraplaýyn ösüşleri üpjün etmek wezipeleriniň ähmiýeti barha ýokarlanýar.

Häzirki ösen döwrümizde kompýuter enjamlarynyň, kämil tehnologiýalaryň durmuşyň ähli ugurlarynda mynasyp orny eýeleýändigi bellärliklidir. Şonuň üçinem döwrebap düşünjeli, kompýuter enjamlaryndan oňat baş çykarýan, kämil tehnologiýalara erk edýän ýaşlary ýetişdirmek döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Ylmyň we tehnikanyň gazananlaryndan, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden netijeli peýdalanylmagy esasynda bilimiň doly üpjün edilmegi Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösmegine, dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryndaky ornuny pugtalandyrmagyna şert döredýär.

Aky Mämmetnurowa,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň mugallymy.
Beýleki habarlar