Döwlet berkararlygynyň nyşany

15 Maý 2024
157

Ösüşleriň röwşen ýolundan bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Munuň özi ýurdumyzyň, mähriban halkymyzyň agzybirliginiň, asudalygynyň we parahat durmuşynyň aýdyň nyşanydyr. Mälim bolşy ýaly, her ýylyň 18-nji maýynda Garaşsyz, baky Bitarap ata Watanymyz goşa baýramy — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi dabaraly ýagdaýda belläp geçýär. Hormatly Prezidentimiziň «Häzirki döwürde alnyp barylýan işler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmeginde, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň berkidilmeginde ähmiýetlidir» diýen sözleri bu gün berkarar Diýarymyzyň beýik ösüşlerinde dabaralanýar.

Döwlet baýdagymyzy we Esasy Kanunymyzy dabaralandyrýan bu baýram halkymyzyň giň gerimde we agzybirlikde belläp geçmegi jemgyýetimiziň beýik watansöýüjilik ýörelgeleriniň belent ykrarnamasydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasy hem-de Döwlet baýdagy jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanyp, pederlerimiziň paýhasynyň kämil binýadydyr. Döwletimiziň Esasy Kanuny milli demokratiýamyzyň iň kämil derejesi bolmak bilen, raýatlarymyzyň asuda we abadan durmuşda ýaşamagyny, işlemegini, bilim almagyny, döredijilikli zähmet çekmegini, erkinligini kepillendirýär.

Süleýman GURBANÝAZOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar