Berkararlygymyzyň synmaz sütünleri

15 Maý 2024
180

18-nji maý — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni

Merdana ata-babalarymyzyň agzybir, parahat we oňşukly ýaşamaklygy ündän wesýetlerine wepalylygymyzy, umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarlylygymyzy beýan edip we adamyň, raýatyň hukuklary, azatlyklary kepillendirilip kabul edilen Konstitusiýamyz milli döwletliligiň mizemez nyşany bolup durýar. Ol ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan berkarar ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp alyp barýan ynsanperwer, parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny durmuşa geçirmekde esasy ýörelgedir. Adam we onuň bagtyýar hem eşretli durmuşda ýaşamagy hakyndaky aladany ileri tutýan Esasy Kanunymyz jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň hem raýatyň bähbitlerine hyzmat edýär, döwlet häkimiýet edaralarynyň öňünde adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek boýunça baş wezipeleri goýýar.

Bäşim Arjanow,
welaýat prokuraturasynyň Baş derňew bölüminiň prokurory, ýustisiýanyň geňeşçisi.
Beýleki habarlar