Ösüşlerde bedewleriň bady bar

15 Maý 2024
260

Ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň sagdyn ösüp-ulalmagy, bilim almagy, abadan durmuşyň hözirini görmegi baradaky alada döwlet syýasatynda ileri tutulýar. Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynda olaryň ähli mümkinçiliklerden doly derejede peýdalanmagy, dürli bäsleşiklere we sport ýaryşlaryna gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanmagy, ylmyň täze gazananlaryny özleşdirmegi üçin ähli şertler döredilýär. Mundan başga-da, ýurdumyzda kämil tehniki enjamlar bilen üpjün edilen umumybilim berýän orta, orta hünär, ýokary okuw mekdepleriniň sanynyň barha artmagy, bilim berlişiniň kämilleşdirilmegi, ýokary hilli okuw gollanmalarydyr kitaplar bilen yzygiderli üpjün edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ýaş nesiller baradaky aladalarynyň netijesidir. Biz — mugallymlar hem ýaş nesliň berk bedenli, hemmetaraplaýyn kämil, geljekde Watanymyza ak ýürekden hyzmat etjek, il-halka, ene-ata haýyrly adamlar bolup ýetişmegini gazanmagy özümize uly borç hasaplaýarys. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz ähli şertleri döredýär.

Mäzem Abdullaýewa,
Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäherindäki 20-nji orta mekdebiň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar