Watançylyk taglymaty — döwürleriň baky aýdymy

15 Maý 2024
229

Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby halkymyza, hususan-da, bize — ýaşlara «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda özboluşly sowgat boldy. Gahryman Prezidentimiz bu kitabynyň «Taryhy birleşdirýän uly wakalar» diýlip atlandyrylan babyndaky taryh bilen bagly gürrüňleriň dowamynda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyndan hem söz açýar: «Änew şäheriniň türki dünýäsinde eýeleýän ornuny dabaralandyrýan wakalaryň, Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsini adamzadyň öňünde täzeden janlandyrýan çuň mazmunly çäreleriň biri-biri bilen utgaşyklylygy hem tebigylykdyr. Çünki Magtymguly Pyragy adamzadyň ruhy medeniýetiniň ösüşine goşandyny goşan belli şahsyýet bolsa, gadymy Änew topragy maddy medeniýetiň gymmatly ýadygärlikleriniň mekanydyr». Şeýle diýmek bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ruhy we maddy medeniýetiň arabaglanyşygyna hem-de olaryň adamzat ýaşaýşyndaky zerurlygyna ünsi çekýär. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyz özüniň gymmatly kitabynyň «Watan hakyndaky müdimi owaz» diýen bölüminde: «Magtymguly Pyragynyň goşgulary ýöne bir duýga ýugrulan goşgular däldir, olar beýik akyl-paýhas taglymatydyr, ylym-bilim sapagydyr, danalaryň öz nesillerine öwüt-nesihatydyr» diýip bellemek bilen, Magtymgulynyň şahsyýet belentligine, kämilligine ýokary baha berýär. Pähim-paýhas ummanyna deňelýän akyldar şahyryň watançylyk taglymatlaryna, bu babatda onuň kakasy Döwletmämmet Azadynyň görelde mekdebine mysallaryň üsti bilen dowamly ýüzlenýär, okyjyny watanperwerlige çagyrýar. Sebäbi soňlanmajak aýdyma öwrülen watançylyk taglymaty adamzat ýaşaýşynda iň gymmatly barlyga barabardyr.

Ogulsuraý Şämiýewa,
Balkanabat şäherindäki 1-nji orta mekdebiň mugallymy, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar