Goşa mukaddeslik

15 Maý 2024
169

Ýurduň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy onuň hukuk sütüni hem-de garaşsyzlygynyň mizemez nyşany bolup durýar. Hukuk nazaryýetinde bellenilişi ýaly, Konstitusiýa ýurduň esasy hukuk namasy bolup, onuň kadalary döwletiň durmuş-ykdysady, syýasy we çäk gurluşynyň binýatlaýyn başlangyçlaryny, döwletiň hukuk ýagdaýyny, onuň jemgyýet, şahsyýet hem raýat bilen özara gatnaşygynyň hukuk esaslaryny, şonuň ýaly-da döwlet häkimiýet edaralarynyň gurluşyny kesgitleýär. Ýurduň esasy tapawutlandyryş nyşany bolan Baýdagy halkyň asyrlarboýy taryhyny, milli aýratynlyklaryny özünde mazmunlaýyn jemleýär.

Berkarar ýurdumyzyň adalatly hem ynsanperwer Konstitusiýasynyň 22-nji maddasynda Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşanlarynyň — Döwlet baýdagynyň, Döwlet tugrasynyň, Döwlet senasynyň bardygy, döwlet nyşanlarynyň ýazgysy we olary peýdalanmagyň tertibiniň kanun bilen kesgitlenilýändigi barada aýdylýar. «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň halkymyzyň agzybirliginiň we Garaşsyzlygynyň hem-de döwlet Bitaraplygynyň nyşanydygy bellenilýär.

Pälwan Allanow,
Balkanabat şäheriniň prokurorynyň uly kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar