Ajaýyp baýramyň belent ruhunyň waspy

15 Maý 2024
229

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli welaýat häkimliginiň, welaýat medeniýet müdirliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Balkanabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasynda geçirilen baýramçylyk dabarasy ýokary ruhubelentlige beslendi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Baýramçylyk dabarasynda çykyşlara giň orun berildi. Soňra edebi-sazly kompozisiýa görkezildi. Esasy Kanunymyzyň hem-de Döwlet baýdagymyzyň özara sazlaşygynyň aýdym-sazly çykyşlaryň üsti bilen açylyp görkezilmegi örän täsirli boldy. Welaýatyň tanymal sungat ussatlarynyň goşa mukaddesligi wasp edýän aýdymlaryna, belentden ýaňlanýan sazlaryna goşulypýerine ýetirilen tanslar dabaranyň şatlyk-şowhunyny artdyryp, oňa gatnaşanlaryň baýramçylyk ruhuny ýokary göterdi. Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerini, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, Döwlet baýdagyny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan özgertmeleri, gözel tebigatymyzy, dost-doganlygy wasp edýän aýdymlar ýerine ýetirildi. Halk döredijilik toparlarynyň çykyşlary hem belent heňde ýaňlanan aýdym-sazlar bilen utgaşyp, dabara aýratyn bezeg berdi. Halkymyzyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan, häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylan «Küştdepdi» tansyny bu ýere ýygnananlar şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Akbäbek Satlykowa.
Surata düşüren Andreý Pakulow, «Balkan».
Beýleki habarlar