Beýik ösüşlerimiziň gözbaşy

15 Maý 2024
175

18-nji maý — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni

Berkararlygymyzyň baky nyşany bolan Konstitusiýamyz döwletlilik, demokratik, ynsanperwer, adam gymmatlyklaryny hormatlamak ýörelgelerini özünde jemleýär. Esasy Kanunymyzda döwleti dolandyrmakda ata-babalarymyzyň toplan baý taryhy tejribesi esas edilip alnandyr. Konstitusiýamyzda adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek baradaky alada öň hatarda durýar. Şonuň bilen birlikde, döwletiň her bir raýatyň öňünde jogapkärdigi, şahsyýetiň erkin ösmegi üçin şertleriň döredilmegini üpjün edýändigi, raýatyň janyny, at-abraýyny, mertebesini, azatlygyny, şahsy eldegrilmesizligini, tebigy we aýrybaşgalanmaz hukuklaryny goraýandygy baradaky kadalar öz beýanyny tapýar. Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň Konstitusiýasynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdir. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp taglymatlarynyň Esasy Kanunymyzdan gözbaş alýandygyny görkezýär. 

Halmämmet Mämiýew,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Balkan welaýat müdirliginiň Balkanabat şäher bölüminiň müdiri-uly döwlet bellige alyjysy.
Beýleki habarlar