Baky bagtyýarlygyň binýady

15 Maý 2024
239

Baýdak Ýer ýüzünde her bir döwletiň resmi taýdan ykrar edilen döwlet nyşany, şeýle-de her bir halkyň ykbalyny, watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň mukaddes düşünjelerini bitewüleşdirýän gymmatlykdyr. Baýdak her bir ýurduň esasy döwlet nyşany bolup, şol halkyň garaşsyzlygyny, erkinlik hakyndaky düşünjelerini alamatlandyrýar. Konstitusiýa bolsa döwletiň hukuk gurluşyny, ykdysady, syýasy ýörelgelerini kesgitleýär.

Baş Kanunymyzyň türkmen jemgyýetinde agzybirligi we galkynyşy üpjün etmekdäki ähmiýeti juda uludyr. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň Esasy Kanuny mizemez kadalary saklap galmak bilen birlikde döredijilikli ösdürilýän resminama hökmünde kämilleşdirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan özgertmeler ýurdumyzyň ägirt uly mümkinçiliklerinden täzeçe görnüşde peýdalanylýandygy bilen häsiýetlendirilýär. Şeýle çemeleşme kanunçylyk-hukuk binýadyny pugtalandyrmakda we ösdürmekde özüniň netijeliligini görkezýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan konstitusion özgerişlikler galkynyşly döwürde täze kanunlaryň gaýra goýulman, kabul edilmegini we olaryň durmuşa ornaşdyrylmagyny ündemeklige gönükdirilendir. Bu bolsa, öz gezeginde, mundan beýläk-de döwleti demokratiýalaşdyrmak we hukuk döwletini gurmak ýolundaky ädimlerdir.

Saýýara JUMADURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Dänew etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.
Beýleki habarlar