Baky bagtyýarlygyň baýramy

15 Maý 2024
140

Toýlary toýlara ulaşýan döwletimizde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de türkmeniň buýsanjyna öwrülip, al-asmanda asuda pasyrdaýan Döwlet baýdagymyzyň baýramynyň bir günde bellenilmeginde çuňňur many bar. Goşa mukaddeslik halkymyzyň milli buýsanjydyr. Olaryň şanyna tutulýan toý bolsa agzybirligimiziň, berkararlygymyzyň, bagtyýarlygymyzyň baýramydyr. 

Berkarar döwletimiziň ygtybarly hukuk binýady bolan Konstitusiýamyz halkymyzyň asyrlarboýy kalbynda besläp gelen isleg-arzuwlaryny, agzybirlik, ynsanperwerlik, azatlyk, watansöýüjilik düşünjelerini, döwletimiziň daşary syýasatynda alyp barýan bitaraplyk ýörelgelerini özünde jemleýär. Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýurdumyzda uly işler durmuşa geçirilýär. Dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna goşulan eziz Diýarymyz parahatçylygyň, dost-doganlygyň, sungatyň, medeniýetiň, sportuň halkara derejede dabaralanýan ýurduna öwrüldi, ykdysadyýet, bilim, saglygy goraýyş we beýleki ulgamlar ajaýyp ösüşlere beslendi.

Azatgül Şämiýewa,
Türkmenbaşy şäher taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň baş gazna saklaýjysy.
Beýleki habarlar