Muzeý gymmatlyklara baýdyr

15 Maý 2024
168

Änew şäheriniň üstümizdäki ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýen derejäni götermegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň hem-de etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda ildeşlerimiziň arasynda täsirli çäreler guralýar. Änew şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýine guralan syýahat hem şeýle çäreleriň biri boldy.

Nobatdaky syýahata jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşyp, olar sergi zallaryna aýlanan mahalynda gadymy Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen taryhy ýadygärliklerden dürli ýyllarda tapylan gymmatlyklary uly gyzyklanma bilen synladylar. Muzeýiň hünärmenleriniň şol gymmatlyklaryň taryhy hakdaky gürrüňlerini diňlemek olar üçin täsirli boldy.

Uzuk ÝAZMYRADOWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar