Umumadamzat bähbitli işler

15 Maý 2024
277

Ýurdumyzyň daşary syýasatda alyp barýan işleri tutuş adamzadyň parahatçylykly, asuda, bagtyýar ýaşaýşy baradaky alada gönükdirilendir. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi munuň nobatdaky subutnamasydyr hem-de berkarar döwletimiz üçin uly abraý-mertebedir. Ol ata Watanymyzyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek, döwletleriň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek ugrunda alyp barýan işleriniň tutuş dünýäde goldaw tapýandygynyň kepili bolup durýar.

Dünýäde dostlugy dabaralandyrmak ugrunda tagallalaryny gaýgyrmaýan Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine alyp barýan ynsanperwer işleri halkara jemgyýetçilik tarapyndan goldanylýar hem-de ýokary baha mynasyp bolýar. Muňa ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen ençeme Kararnamalar şaýatlyk edýär. Bu resminamalar durnukly ösüşi gazanmakda, birek-birege hormat goýmakda, ynanyşmakda, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. 

Süleýman Çarykulyýew,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Balkan welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, uly leýtenant.
Beýleki habarlar