Köňüllerde guwanç, dillerde dessan

15 Maý 2024
124

Gahryman Arkadagymyzyň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda: «Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir» diýip belleýşi ýaly, häzirki döwürde akyldaryň hormat-sarpasy has-da ýokary göterildi. Şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bu günki dabaralary bolsa halkymyzyň şahyra bolan buýsanjyny artdyrýar.

Magtymgulynyň halkyna, Watanyna bolan söýgüsini, mährini hiç zat bilen deňäp bolmaýar. Şahyryň beýikligi hem onuň öz halkyna, türkmen topragyna bolan söýgüsinden gözbaş alýandyr. Onuň beýikligini asyrlar, heňňamlar hem köneldip bilmändir. Ýyllar geçip, asyrlar aýlanýar, emma ýüreklerimizde baky ýer eden Magtymguly şahyryň şygryýet dünýäsine, ömrüne bolan hormat, söýgi, tagzym üýtgewsizdir. Şahyryň goşgulary kalbyňy heýjana salýar, pähim-paýhasdan, öwüt-ündewlerden teşnelik bilen gandyrýar. Olar durmuşyň her güni, aýy, ýyly üçin ýoluňa ýagtylyk saçýar. Beýik şahyryň her bir goşgusy uly dessan ýalydyr.

Gurbansoltan Jumabaýewa,
Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäheriniň merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy.
Beýleki habarlar