"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Berkararlygyň we asudalygyň baýramy

Welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi. «Türkmenistanyň Konstitusiýasy — berkararlygyň we asudalygyň kepili» diýen at bilen geçirilen bu maslahata welaýatyň prokuratura, kazyýet edaralarynyň işgärleri, polisiýa müdirliginiň wekilleri, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň işjeň agzalary we talyplar gatnaşdylar. Maslahatda döwletimiziň taryhy tejribesine we häzirkizaman gazananlaryna bagyşlanan çykyşlara giň orun berildi. Çykyşlarda berkarar döwletimiziň ösüşiniň hukuk binýady hasaplanylýan Esasy Kanunymyzyň adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň kepili, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň berk binýady bolup durýandygy nygtaldy. Şeýle-de demokratik we hukuk döwletimiziň ösüş ýolunda bitaraplyk ýörelgelerimize laýyklykda türkmen jemgyýetinde diňe bir milli bähbitlere däl, eýsem, dünýä bileleşiginiň bähbitlerine ýugrulan syýasatyň üstünlikli dowam etdirilýändigi buýsanç bilen bellenildi.

«Belentde parlaýar adalat Tugy»

Etrabymyzyň Garabekewül şäheriniň «Diýar» toý mekanynda ýurdumyzda giňden bellenilýän goşa baýram — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Belentde parlaýar adalat Tugy» diýen at bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa önümçiligiň öňdebaryjylary, uly nesliň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim işgärleri gatnaşdylar. Dabarada bagtyýar ildeşlerimiziň buýsançly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Olarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň abadançylygy, halkymyzyň bolelin, bagtly durmuşda ýaşamagy, ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn nesiller bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýändigi, ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň beýik ösüşleriň binýadyny döredýändigi, ýaşyl Tugumyzyň bolsa milli buýsanjymyza öwrülendigi barada giňden durlup geçildi. Dabaranyň dowamy etrap medeniýet bölüminiň guramagynda aýdym-sazly çykyşlara we göwün göteriji tanslara utgaşyp gitdi. Ýokary ruhubelentlige beslenen çärä gatnaşyjylar ýurdumyzy bedew bady bilen ösdürýän, mähriban halkyny bagtly durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň hoşallyklaryny beýan etdiler.

Täzelik

Türkmenabatdaky demirbeton önümleri kärhanasynda gurluşyk-gurnama işlerinde zerur bolan önümleri öndürmekde işler ýokary depginde alnyp barylýar. Bu ýerde üstümizdäki ýylyň geçen dört aýynyň iş meýilnamasy üstünlikli berjaý edildi. Has takygy, bu döwürde demir-beton önümleriniň 0,6 müň kub metri, harytlyk betonyň 0,5 müň kub metri, asfaltyň bolsa 50 tonnasy öndürildi. Degişli döwürde edilen işleriň pul hasabyndaky möçberi bolsa 667 müň 179 manatlyga deň boldy. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden ep-esli artykdyr.

Wagyz-nesihat duşuşygy

Millilik ýüregimizde — sarpa goýýarys uludan Golaýda şeýle at bilen etrapdaky 22-nji orta mekdepde TDP-niň etrap komitetiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, TAP-nyň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ýokarda ady agzalan edaralaryň işgärleri we etrapdaky orta mekdepleriň mugallymlardyr ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024” XV halkara ykdysady forumyna gatnaşdy

16-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024” XV halkara ykdysady forumyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy, şeýle hem birnäçe duşuşyklary geçirdi. Russiýa bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, durmuş-medeni ugurly gatnaşyklary pugtalandyrmak, şeýle hem Russiýa Federasiýasynda yslam maliýe ulgamy düzümleriniň ösdürilmegine ýardam bermek forumyň esasy maksadydyr. Şu ýyl “KazanForuma” 80-den gowrak döwletiň, şol sanda YHG-na agza ýurtlaryň 40-synyň, Russiýanyň sebitleriniň 83-siniň wekilleri gatnaşýarlar. Ol “Ynanyşmak we hyzmatdaşlyk” şygary astynda geçýär.

Halkyň hatyrasyna beýik işler

8-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatyndaky täze, möhüm desgalaryň — ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň we Ýaşlyk şäherçesindäki kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desganyň dabaraly açylyp ulanmaga berilmegi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýyl ýazgysynda täze sahypany açyp, milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky güwäsine öwrüldi. Maksat — gymmatly önüme islegi kanagatlandyrmak

Arkadagyň göreldesi bilen bedew batly sepgitlere

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna baryp, bu ýerde milli atşynaslyk ýörelgelerine höwes bildirýän çagalar bilen duşuşmagy we olar bilen atçylyk däpleriniň özboluşly aýratynlyklary hakynda söhbet etmegi halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden atşynaslyk ýörelgeleriniň döwrebap derejede dowamata atarylýandygynyň nobatdaky güwäsi boldy. Gahryman Arkadagymyzy akademiýanyň ýapyk manežinde atşynaslyga we atçylyk sportuna höwesli ýaşlar şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Milli Liderimiz ösüp gelýän ýaş nesliň ata bolan höwesini mübärekläp, olar bilen söhbetdeş boldy. Ussat halypa atşynas hormatly Arkadagymyz körpeleriň manežiň içinde bedewlerde gezim edýän pursatlarynda olara atçylyk däpleri, onuň taryhy we bu ugruň häzirki döwürde ösdürilişi barada gürrüň berdi hem-de olaryň höwes edýän ugurlary bilen gyzyklandy.

Ýeňişli günlere ýetirenlere baky şöhrat!

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş gazanmak üçin ähli doganlyk halklar synmaz ruhy jebisligiň nusgasyny görkezdiler. Häzirki wagtda bu nurana baýramy bellemek bilen, biziň her birimiz Ýer ýüzünde parahatçylygyň hatyrasyna çäksiz gahrymançylyk we edermenlik görkezenleriň ählisine hoşallyk duýgusyny beýan edýäris. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça Ýeňiş güni mynasybetli 9-njy maýda Moskwada geçirilen dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Döwlet Baştutanymyz baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Moskwa gelen beýleki belent mertebeli myhmanlar — wekiliýetleriň ýolbaşçylary bilen bilelikde Gyzyl meýdanda geçirilen dabaraly harby ýörişe syn etdi.

Azyk önümçiliginde gazanylanlar we täzeçillikler

Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda dowam edýän azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi oba hojalyk pudagynda diňe bir ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini beýan etmek bilen çäklenmän, eýsem, bu pudakda işjeň orun eýeleýän işewür düzümleriň ägirt uly mümkinçiliklerini hem açyp görkezýär. Türkmenistan üçin azyk howpsuzlygy diňe bir döwletiň özygtyýarlylygyny we garaşsyzlygyny gorap saklamagyň möhüm şerti bolman, eýsem, ilatyň ýaşaýyş-durmuşynyň ýokary derejesini üpjün edýän, azyk, çig mal babatda daşary söwda gatnaşyklarynyň netijeli ösmegine, importyň ornuny tutýan, eksporta gönükdirilen önümçilikleri artdyrmaga mümkinçilik berýän milli, sebitleýin azyk bazarlarynyň ykdysady baglanyşygyna goldaw bermegiň hem wajyp esaslaryny emele getirýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny gazanmak bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdi, birinjiden, sagdyn iýmitlenmek üçin ýeterlik derejede önümler bilen üpjün etmegi goldamakdan, ikinjiden, importyň möçberlerini azaltmakdan, bu önümleri öndürijileriň bähbitlerini goramakdan ybaratdyr.

Rowaçlyklaryň kämil binýady

Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Konstitusiýamyz, Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, agzybirligimiziň hem-de jebisligimiziň ebediliginiň nyşanyna öwrülen Döwlet baýdagymyz biziň geçmişimiziň, häzirki döwrümiziň, geljegimiziň beýikdigini, şöhratlydygyny alamatlandyrýan milli mukaddesliklerimizdir. Şoňa görä-de, her ýylyň 18-nji maýynda Esasy Kanunymyzyň we Döwlet baýdagymyzyň güni halkymyzda belent watansöýüjilik döredýän, täze üstünliklere ruhlandyrýan milli baýram hökmünde bellenilýär. Bu baýramyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyryň hatyrasyna bina edilen ägirt uly heýkeliň we medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy bilen utgaşdyrylmagy umumadamzat gymmatlyklaryna ruhy we medeni taýdan möhüm goşant goşan türkmen halkynyň beýik döwre ýetip, mizemez berkarar döwlet gurandygyny dünýä äşgär edýär. Hukuk nazaryýetinde «konstitusiýa» diýmek, gadymy latyn dilinden gelip çykan halkara adalga bolup, durnukly gurluş düzümi, gurmak, döretmek ýaly manylary aňladýar. Ol ýurduň hukuk binýadyny emele getirýän, halkyň erk-islegini beýan edýän esasy hukuk resminamasy hökmünde ykrar edilýär. Döwlet nyşanlarymyz bolan Konstitusiýa we ýaşyl tugumyz döwletiň gözbaşynyň halkdygyny, iň ýokary g

Milli biosenagaty döretmekde möhüm ädim

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 10-njy maýda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekmegi biotehnologiýanyň kömegi bilen ýurdumyzda ösen biosenagaty emele getirmegiň ylmy esaslaryny işläp düzmekde möhüm ädime öwrüldi. Täze Maksatnama we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy degişli ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi tarapyndan işlenip taýýarlanyldy. Onda biologiýa ylmynyň we biotehnologiýalaryň üsti bilen ekologik taýdan arassa, energiýa tygşytlaýjy, importyň ornuny tutýan hem-de eksporta gönükdirilen önümleri öndürmegiň innowasion tehnologiýalarynyň işlenip düzülişini çaltlandyrmak göz öňünde tutulýar.

Akyldaryň goşgulary Şewçenkonyň dilinde

Beýik türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň köptaraplaýyn döredijiligi bu gün bütin dünýäde uly gyzyklanma döredýär. Şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan ýylynda Ýer ýüzüniň çar künjeginde dürli mazmunly çäreleriň geçirilmegi, ylmy işleriň ýazylmagy, şygyrlarynyň dürli dillere terjime edilip, kitap görnüşinde okyjylara ýetirilmegi-de muňa doly güwä geçýär. Golaýda Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy «Magtymguly Pyragy. Ylham» atly edebi-çeper neşiriň çapdan çykandygyny habar berdi. Häzire çenli söz ussadynyň goşgularynyň ukrain diline terjime edilen iň doly ýygyndysy bolmagy kitabyň esasy aýratynlygydyr. Täze neşir «Magtymguly Pyragy we onuň Ukrainadaky sözi» atly sözbaşyny hem-de şahyryň ukrain dilindäki şygyrlarynyň 204-sini öz içine alýar. Onuň ussadyň «Türkmeniň» goşgusyndan setirlerdir hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dürdäne jümleleri bilen açylmagy özboluşly mana eýedir. Neşiriň awtory we düzüjisi köp ýyllaryň dowamynda Magtymgulynyň döredijiligini öwrenip, ony diňe bir öz ýurdunda däl, eýsem, daşary döwletlerde-de işjeň wagyz eden alym, filologiýa ylymlarynyň doktory Nikolaý Waskiwdir.

«Köpetdagyň eteginde galdy bu gün örboýuna...»

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip buýsançly at berlen 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik şahyry we akyldary, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy milli hem-de halkara derejede giňden bellenilýär. 17-nji maýda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň we şahyryň ägirt uly heýkeliniň dabaraly açylmagy bolsa halkymyzyň öz milli şahyrynyň ömrüne, döredijilik mirasyna goýýan çuňňur hormatynyň aýdyň nyşany hökmünde äleme ýaýyljak ajaýyp waka öwrüler. Şunda Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde beýik şahyryň hormatyna medeni-seýilgäh toplumyny döretmek başlangyjynyň Gahryman Arkadagymyza degişlidigi, Milli Liderimiziň teklibi esasynda toplumyň çäginde daşary ýurtlaryň meşhur şahsyýetleriniň, görnükli ýazyjy-şahyrlarynyň hem heýkelleriniň oturdylmagy aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Bu günki gün Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyk hökmünde dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Asyrlaryň geçendigine garamazdan, türkmen halkynyň görnükli oglunyň döreden eserleri özüniň ähmiýetini ýitirmän, ýurdumyzdan has uzaklarda-da uly meşhurlyga eýedir. Sebäbi olarda Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, döredijilige, do

Suratlarda Watan waspy

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan günlerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp keşbini, eziz Watanymyza, ene topragymyza, maşgala mukaddesligine, gözel tebigatymyza bolan söýgini çeperçilik işlerinde beýan edýän ýaş nesilleriň ukyp-başarnyklaryna mynasyp baha bermek, surat çekmek bilen meşgullanýan çagalaryň döredijilik ukybyny açyp görkezip, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşigi yglan edildi. Ýakynda bolsa bäsleşigiň etrap, şäher tapgyrlary geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag we Aşgabat şäher hem-de welaýat geňeşleri tarapyndan guralan bäsleşiklere gatnaşyjylar öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Milli Liderimiziň gymmatly maslahatlary esasynda çagalaryň arasynda şeýle bäsleşikleriň geçirilmeginiň ýaş nesilleriň döredijilik mümkinçiliklerini, zehinini açmak bilen birlikde, olaryň mähriban Watanymyza, sahawatly topragymyza bolan söýgüsini has-da artdyrmaga ýardam berýändigini bellemek gerek. Munuň özi ýurdumy

Milli döwletliligiň aýdyň şöhlelenmesi

Mälim bolşy ýaly, 1992-nji ýylda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň doly we deňhukukly agzasy bolmak bilen, halkara hukugyň kadalaryny ykrar edýändigini we hormatlaýandygyny yglan etdi. Şeýlelikde, Garaşsyz, özygtyýarly döwletimizde umumy ykrar edilen halkara ýörelgelerden ugur alnyp, ýurduň Esasy Kanunynda demokratik ýörelgeler, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny kepillendirmek, döwlet dolandyryşynyň hukuk binýady berkidildi. Onuň mazmunyny döwlet häkimiýeti, gurluşy, eýeçiligiň görnüşleri, şahsyýetiň hukuk ýagdaýy baradaky kadalar düzýär. Her ýurduň Konstitusiýasynyň kabul edilmegi, konstitusion özgertmeleriň ösüş ugurlary durmuş-ykdysady we syýasy häsiýetli sebäpler bilen şertlendirilen. Konstitusiýa, ilkinji nobatda, özünde şol jemgyýetdäki eýeçiligiň we ykdysady işiň guramaçylygynyň görnüşlerini, döwletiň raýatlarynyň olara gatnaşygyny beýan edýär. Adamlaryň jemgyýetde we döwletde ýaşamagynyň esasy düzgünlerini, olaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we borçlaryny berkidýär. Şol sanda ýurduň häkimiýet ulgamyny, onuň wezipelerini we ygtyýarlyklaryny, döwlet edaralarynyň ulgamyny, ilatyň öz-özüni dolandyryşynyň esaslaryny kesgitleýär. Döwletiň we hukugyň nazaryýeti jähetinden Konstitusiýanyň esasy iki wezipesi bolýar. Birin

Azyk senagaty: usullar, tejribeler, mümkinçilikler

Düýn Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda azyk önümleriniň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi öz işine başlady. Üç günläp dowam edýän giň gerimli gözden geçirilişde ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, türkmen işewürleri, daşary ýurt kompaniýalary bu ýerdäki öz diwarlyklarynda oba hojalyk we azyk senagatynyň dürli ugurlarynda öndürýän önümleri, ýerine ýetirýän işleridir hyzmatlary, olarda ulanylýan nou-haular, innowasion tehnologiýalar, usullar bilen tanyşdyrýarlar. Biz hem sergä gatnaşyjylaryň käbiriniň bu ugurdaky pikir-garaýyşlaryny ýazga geçirdik. Sonagül KÖSÄÝEWA,Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Abadan» önümçilik kärhanasynyň barlaghana müdiri:

Desterhanlar nygmatly — ýaşaýyş abadan

Ilaty zerur azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek, senagat kärhanalarynyň gerekli çig mallara bolan isleglerini kanagatlandyrmak welaýatymyzyň oba hojalyk işgärleriniň baş maksatlarynyň biridir. Olar üstümizdäki ýylda hem artdyrylan gaýrat bilen yhlasly zähmet çekýärler. Şonuň netijesinde öndürilýän önümleriň möçberleri barha artmak bilen. Şanly ýylyň geçen dört aýynda welaýatymyzyň ähli hojalyklarynda gök önümleriň 5,5 müň tonnadan gowragy, limonyň 37,7 tonnasy öndürildi. Şonda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6,1 we 0,3 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Parla, ýaşyl Baýdagym!

Gujagy läle-reýhan, gül getiren baharly,Watanmyzyň buýsanjy, parla, ýaşyl Baýdagym!Ak arzuwly, göwni Gün deý mahirli Il-günümiň guwanjy, parla, ýaşyl Baýdagym! Gül roýuňa siňipdir bagtly halkyň ykbaly,Pederleriň paýhasy, nesilleriň ygrary,Garaşsyz hem Bitarap ülkämiziň ykraryGöwünleriň daýanjy, parla, ýaşyl Baýdagym!

Milli mukaddesliklere tagzym

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen 2024-nji ýylyň 18-nji maýynda demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň we Döwlet baýdagynyň döredilmeginiň 32 ýyllygy bellenilip geçiler. Bu döwrüň içinde ýurdumyzyň Konstitusiýasy diňe bir Garaşsyzlygyň gazananlaryny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, türkmen jemgyýetiniň okgunly ösüşiniň wajyp ugurlaryny kesgitleýän Esasy Kanuna öwrüldi. Bu döwrüň içinde keşbine ýazyň röwşi çaýylan ýaşyl baýdagymyz, gör, näçe gezek, diňe bir ýurdumyzyň içinde däl, eýsem, dünýäniň çar künjünde gazanylan üstünliklerimiziň şanyna al-asmana göterildi?! Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem ata Watanymyzyň abadançylygynyň kepili, agzybir halkymyzyň erkana ýaşaýşynyň we şöhratly ýeňişleriniň ruhy gözbaşy bolan milli Konstitusiýamyz we ýaşyl baýdagymyz halkymyzyň buýsançly taryhynyň subutnamasydyr, häzirki bagtyýar ýaşaýşynyň we beýik geljeginiň ajaýyp şuglasydyr.

Döwletliligiň mizemez ýörelgeleri

Milli Konstitusiýamyz hem-de Döwlet Baýdagymyz özygtyýarly, baky berkarar Watanymyzda gazanylýan ösüşleriň, özgerişlikleriň kanunçylyk esasy hem-de ýörelgeleýin binýady bolup durýar. Bu ugurda Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022—2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan düýpli özgertmeleriň hukuk esasyny döretmek üçin kanunlary yzygiderli kämilleşdirmek işlerini wajyp meseleleriň hatarynda goýdy. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýol-ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr. Konstitusiýa ýokary hukuk güýjüne eýe bolmak bilen, kanunçylygyň kepili, raýatlaryň hukuklarynyň we erkinliginiň berjaý edilişiniň, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüşiniň güwäsi hökmünde çykyş edýär.