«Köpetdagyň eteginde galdy bu gün örboýuna...»

16 Maý 2024
115

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip buýsançly at berlen 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik şahyry we akyldary, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy milli hem-de halkara derejede giňden bellenilýär. 17-nji maýda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň we şahyryň ägirt uly heýkeliniň dabaraly açylmagy bolsa halkymyzyň öz milli şahyrynyň ömrüne, döredijilik mirasyna goýýan çuňňur hormatynyň aýdyň nyşany hökmünde äleme ýaýyljak ajaýyp waka öwrüler. Şunda Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde beýik şahyryň hormatyna medeni-seýilgäh toplumyny döretmek başlangyjynyň Gahryman Arkadagymyza degişlidigi, Milli Liderimiziň teklibi esasynda toplumyň çäginde daşary ýurtlaryň meşhur şahsyýetleriniň, görnükli ýazyjy-şahyrlarynyň hem heýkelleriniň oturdylmagy aýratyn nygtalmaga mynasypdyr.

Bu günki gün Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyk hökmünde dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Asyrlaryň geçendigine garamazdan, türkmen halkynyň görnükli oglunyň döreden eserleri özüniň ähmiýetini ýitirmän, ýurdumyzdan has uzaklarda-da uly meşhurlyga eýedir. Sebäbi olarda Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, döredijilige, dost-doganlyga çagyryş ýaly hiç wagt ähmiýetini ýitirmejek umumadamzat gymmatlyklary öz aýdyň beýanyny tapýar.

Beýleki habarlar