«Belentde parlaýar adalat Tugy»

17 Maý 2024
160

Etrabymyzyň Garabekewül şäheriniň «Diýar» toý mekanynda ýurdumyzda giňden bellenilýän goşa baýram — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Belentde parlaýar adalat Tugy» diýen at bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa önümçiligiň öňdebaryjylary, uly nesliň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim işgärleri gatnaşdylar.

Dabarada bagtyýar ildeşlerimiziň buýsançly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Olarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň abadançylygy, halkymyzyň bolelin, bagtly durmuşda ýaşamagy, ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn nesiller bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýändigi, ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň beýik ösüşleriň binýadyny döredýändigi, ýaşyl Tugumyzyň bolsa milli buýsanjymyza öwrülendigi barada giňden durlup geçildi. Dabaranyň dowamy etrap medeniýet bölüminiň guramagynda aýdym-sazly çykyşlara we göwün göteriji tanslara utgaşyp gitdi. Ýokary ruhubelentlige beslenen çärä gatnaşyjylar ýurdumyzy bedew bady bilen ösdürýän, mähriban halkyny bagtly durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň hoşallyklaryny beýan etdiler.

Mähri KADYROWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Saýat etrap birleşmesiniň hünärmeni.
Beýleki habarlar