Milli mukaddesliklere tagzym

15 Maý 2024
237

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen 2024-nji ýylyň 18-nji maýynda demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň we Döwlet baýdagynyň döredilmeginiň 32 ýyllygy bellenilip geçiler. Bu döwrüň içinde ýurdumyzyň Konstitusiýasy diňe bir Garaşsyzlygyň gazananlaryny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, türkmen jemgyýetiniň okgunly ösüşiniň wajyp ugurlaryny kesgitleýän Esasy Kanuna öwrüldi. Bu döwrüň içinde keşbine ýazyň röwşi çaýylan ýaşyl baýdagymyz, gör, näçe gezek, diňe bir ýurdumyzyň içinde däl, eýsem, dünýäniň çar künjünde gazanylan üstünliklerimiziň şanyna al-asmana göterildi?!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem ata Watanymyzyň abadançylygynyň kepili, agzybir halkymyzyň erkana ýaşaýşynyň we şöhratly ýeňişleriniň ruhy gözbaşy bolan milli Konstitusiýamyz we ýaşyl baýdagymyz halkymyzyň buýsançly taryhynyň subutnamasydyr, häzirki bagtyýar ýaşaýşynyň we beýik geljeginiň ajaýyp şuglasydyr.

Amangeldi JUMAÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň başlygy.
Beýleki habarlar