Rowaçlyklaryň kämil binýady

16 Maý 2024
137

Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Konstitusiýamyz, Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, agzybirligimiziň hem-de jebisligimiziň ebediliginiň nyşanyna öwrülen Döwlet baýdagymyz biziň geçmişimiziň, häzirki döwrümiziň, geljegimiziň beýikdigini, şöhratlydygyny alamatlandyrýan milli mukaddesliklerimizdir. Şoňa görä-de, her ýylyň 18-nji maýynda Esasy Kanunymyzyň we Döwlet baýdagymyzyň güni halkymyzda belent watansöýüjilik döredýän, täze üstünliklere ruhlandyrýan milli baýram hökmünde bellenilýär. Bu baýramyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyryň hatyrasyna bina edilen ägirt uly heýkeliň we medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy bilen utgaşdyrylmagy umumadamzat gymmatlyklaryna ruhy we medeni taýdan möhüm goşant goşan türkmen halkynyň beýik döwre ýetip, mizemez berkarar döwlet gurandygyny dünýä äşgär edýär.

Hukuk nazaryýetinde «konstitusiýa» diýmek, gadymy latyn dilinden gelip çykan halkara adalga bolup, durnukly gurluş düzümi, gurmak, döretmek ýaly manylary aňladýar. Ol ýurduň hukuk binýadyny emele getirýän, halkyň erk-islegini beýan edýän esasy hukuk resminamasy hökmünde ykrar edilýär. Döwlet nyşanlarymyz bolan Konstitusiýa we ýaşyl tugumyz döwletiň gözbaşynyň halkdygyny, iň ýokary gymmatlygynyň adamdygyny alamatlandyryp, olarda türkmeniň milli, medeni, ruhy gymmatlyklary jemlenýär.

Beýleki habarlar