Berkararlygyň we asudalygyň baýramy

17 Maý 2024
354

Welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi. «Türkmenistanyň Konstitusiýasy — berkararlygyň we asudalygyň kepili» diýen at bilen geçirilen bu maslahata welaýatyň prokuratura, kazyýet edaralarynyň işgärleri, polisiýa müdirliginiň wekilleri, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň işjeň agzalary we talyplar gatnaşdylar.

Maslahatda döwletimiziň taryhy tejribesine we häzirkizaman gazananlaryna bagyşlanan çykyşlara giň orun berildi. Çykyşlarda berkarar döwletimiziň ösüşiniň hukuk binýady hasaplanylýan Esasy Kanunymyzyň adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň kepili, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň berk binýady bolup durýandygy nygtaldy. Şeýle-de demokratik we hukuk döwletimiziň ösüş ýolunda bitaraplyk ýörelgelerimize laýyklykda türkmen jemgyýetinde diňe bir milli bähbitlere däl, eýsem, dünýä bileleşiginiň bähbitlerine ýugrulan syýasatyň üstünlikli dowam etdirilýändigi buýsanç bilen bellenildi.

Žanna GURBANOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar