Azyk önümçiliginde gazanylanlar we täzeçillikler

16 Maý 2024
150

Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda dowam edýän azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi oba hojalyk pudagynda diňe bir ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini beýan etmek bilen çäklenmän, eýsem, bu pudakda işjeň orun eýeleýän işewür düzümleriň ägirt uly mümkinçiliklerini hem açyp görkezýär.

Türkmenistan üçin azyk howpsuzlygy diňe bir döwletiň özygtyýarlylygyny we garaşsyzlygyny gorap saklamagyň möhüm şerti bolman, eýsem, ilatyň ýaşaýyş-durmuşynyň ýokary derejesini üpjün edýän, azyk, çig mal babatda daşary söwda gatnaşyklarynyň netijeli ösmegine, importyň ornuny tutýan, eksporta gönükdirilen önümçilikleri artdyrmaga mümkinçilik berýän milli, sebitleýin azyk bazarlarynyň ykdysady baglanyşygyna goldaw bermegiň hem wajyp esaslaryny emele getirýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny gazanmak bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdi, birinjiden, sagdyn iýmitlenmek üçin ýeterlik derejede önümler bilen üpjün etmegi goldamakdan, ikinjiden, importyň möçberlerini azaltmakdan, bu önümleri öndürijileriň bähbitlerini goramakdan ybaratdyr.

Beýleki habarlar