Döwletliligiň mizemez ýörelgeleri

15 Maý 2024
216

Milli Konstitusiýamyz hem-de Döwlet Baýdagymyz özygtyýarly, baky berkarar Watanymyzda gazanylýan ösüşleriň, özgerişlikleriň kanunçylyk esasy hem-de ýörelgeleýin binýady bolup durýar. Bu ugurda Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022—2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan düýpli özgertmeleriň hukuk esasyny döretmek üçin kanunlary yzygiderli kämilleşdirmek işlerini wajyp meseleleriň hatarynda goýdy.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýol-ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr. Konstitusiýa ýokary hukuk güýjüne eýe bolmak bilen, kanunçylygyň kepili, raýatlaryň hukuklarynyň we erkinliginiň berjaý edilişiniň, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüşiniň güwäsi hökmünde çykyş edýär.

Bahar AMANGELDIÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar