Milli döwletliligiň aýdyň şöhlelenmesi

16 Maý 2024
204

Mälim bolşy ýaly, 1992-nji ýylda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň doly we deňhukukly agzasy bolmak bilen, halkara hukugyň kadalaryny ykrar edýändigini we hormatlaýandygyny yglan etdi. Şeýlelikde, Garaşsyz, özygtyýarly döwletimizde umumy ykrar edilen halkara ýörelgelerden ugur alnyp, ýurduň Esasy Kanunynda demokratik ýörelgeler, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny kepillendirmek, döwlet dolandyryşynyň hukuk binýady berkidildi. Onuň mazmunyny döwlet häkimiýeti, gurluşy, eýeçiligiň görnüşleri, şahsyýetiň hukuk ýagdaýy baradaky kadalar düzýär. Her ýurduň Konstitusiýasynyň kabul edilmegi, konstitusion özgertmeleriň ösüş ugurlary durmuş-ykdysady we syýasy häsiýetli sebäpler bilen şertlendirilen. Konstitusiýa, ilkinji nobatda, özünde şol jemgyýetdäki eýeçiligiň we ykdysady işiň guramaçylygynyň görnüşlerini, döwletiň raýatlarynyň olara gatnaşygyny beýan edýär. Adamlaryň jemgyýetde we döwletde ýaşamagynyň esasy düzgünlerini, olaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we borçlaryny berkidýär. Şol sanda ýurduň häkimiýet ulgamyny, onuň wezipelerini we ygtyýarlyklaryny, döwlet edaralarynyň ulgamyny, ilatyň öz-özüni dolandyryşynyň esaslaryny kesgitleýär.

Döwletiň we hukugyň nazaryýeti jähetinden Konstitusiýanyň esasy iki wezipesi bolýar. Birinjisi, tutuş jemgyýetiň we döwletiň gurluşynyň, ýurduň döwlet häkimiýetiniň häsiýetleriniň, şahsyýetiň hukuk ýagdaýynyň esaslaryny berkitmekden (bu esaslar soňra milli hukuk ulgamynyň dürli pudaklarynyň kadalarynda giňişleýin berkidilýär), ikinjisi bolsa döwlet we ýerli öz-özüňi dolandyryş häkimiýetini amala aşyrmagyň gurallaryny düzgünleşdirmekden ybaratdyr. Mundan başga-da, her bir döwletiň Konstitusiýasy (durmuş-ykdysady ulgamyň işiniň aýratynlygyna garamazdan) döredijilik başlangyçlaryna eýe bolup, guramaçylyk, daşary syýasy, aňyýet, hukuk we ş.m. wezipeleri ýerine ýetirýär. Onuň döredijilik wezipesi jemgyýetdäki düýpli taryhy özgertmeleriň indiki tapgyryna, ýagny ýurduň syýasy-hukuk ösüşiniň esasyna gönüden-göni täsirini ýetirýär. Ol öň hereket edýän gatnaşyklary, jemgyýetçilik hadysalaryny hukuk kadalarynda berkidýär ýa-da jemgyýetde zerurlygy ýüze çykan, ýöne degişli hukuk binýady bolmadyk düýbünden täze gatnaşyklaryň emele gelmegine gönükdirilen hukuk şertlerini döredýär. Şeýlelikde, onuň döredijilik häsiýeti jemgyýetçilik (syýasy) ulgama tutuşlygyna we aýry-aýry döwlet-hukuk institutlaryna edýän täsirinde ýüze çykýar.

Merjen BORJAKOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň hünärmeni.
Beýleki habarlar