Ýeňişli günlere ýetirenlere baky şöhrat!

16 Maý 2024
156

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş gazanmak üçin ähli doganlyk halklar synmaz ruhy jebisligiň nusgasyny görkezdiler. Häzirki wagtda bu nurana baýramy bellemek bilen, biziň her birimiz Ýer ýüzünde parahatçylygyň hatyrasyna çäksiz gahrymançylyk we edermenlik görkezenleriň ählisine hoşallyk duýgusyny beýan edýäris. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça Ýeňiş güni mynasybetli 9-njy maýda Moskwada geçirilen dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Döwlet Baştutanymyz baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Moskwa gelen beýleki belent mertebeli myhmanlar — wekiliýetleriň ýolbaşçylary bilen bilelikde Gyzyl meýdanda geçirilen dabaraly harby ýörişe syn etdi.

Beýleki habarlar