Akyldaryň goşgulary Şewçenkonyň dilinde

16 Maý 2024
135

Beýik türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň köptaraplaýyn döredijiligi bu gün bütin dünýäde uly gyzyklanma döredýär. Şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan ýylynda Ýer ýüzüniň çar künjeginde dürli mazmunly çäreleriň geçirilmegi, ylmy işleriň ýazylmagy, şygyrlarynyň dürli dillere terjime edilip, kitap görnüşinde okyjylara ýetirilmegi-de muňa doly güwä geçýär. Golaýda Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy «Magtymguly Pyragy. Ylham» atly edebi-çeper neşiriň çapdan çykandygyny habar berdi. Häzire çenli söz ussadynyň goşgularynyň ukrain diline terjime edilen iň doly ýygyndysy bolmagy kitabyň esasy aýratynlygydyr.

Täze neşir «Magtymguly Pyragy we onuň Ukrainadaky sözi» atly sözbaşyny hem-de şahyryň ukrain dilindäki şygyrlarynyň 204-sini öz içine alýar. Onuň ussadyň «Türkmeniň» goşgusyndan setirlerdir hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dürdäne jümleleri bilen açylmagy özboluşly mana eýedir. Neşiriň awtory we düzüjisi köp ýyllaryň dowamynda Magtymgulynyň döredijiligini öwrenip, ony diňe bir öz ýurdunda däl, eýsem, daşary döwletlerde-de işjeň wagyz eden alym, filologiýa ylymlarynyň doktory Nikolaý Waskiwdir.

Beýleki habarlar