Arkadagyň göreldesi bilen bedew batly sepgitlere

16 Maý 2024
171

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna baryp, bu ýerde milli atşynaslyk ýörelgelerine höwes bildirýän çagalar bilen duşuşmagy we olar bilen atçylyk däpleriniň özboluşly aýratynlyklary hakynda söhbet etmegi halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden atşynaslyk ýörelgeleriniň döwrebap derejede dowamata atarylýandygynyň nobatdaky güwäsi boldy.

Gahryman Arkadagymyzy akademiýanyň ýapyk manežinde atşynaslyga we atçylyk sportuna höwesli ýaşlar şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Milli Liderimiz ösüp gelýän ýaş nesliň ata bolan höwesini mübärekläp, olar bilen söhbetdeş boldy. Ussat halypa atşynas hormatly Arkadagymyz körpeleriň manežiň içinde bedewlerde gezim edýän pursatlarynda olara atçylyk däpleri, onuň taryhy we bu ugruň häzirki döwürde ösdürilişi barada gürrüň berdi hem-de olaryň höwes edýän ugurlary bilen gyzyklandy.

Beýleki habarlar