Täzelik

17 Maý 2024
158

Türkmenabatdaky demirbeton önümleri kärhanasynda gurluşyk-gurnama işlerinde zerur bolan önümleri öndürmekde işler ýokary depginde alnyp barylýar.

Bu ýerde üstümizdäki ýylyň geçen dört aýynyň iş meýilnamasy üstünlikli berjaý edildi. Has takygy, bu döwürde demir-beton önümleriniň 0,6 müň kub metri, harytlyk betonyň 0,5 müň kub metri, asfaltyň bolsa 50 tonnasy öndürildi. Degişli döwürde edilen işleriň pul hasabyndaky möçberi bolsa 667 müň 179 manatlyga deň boldy. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden ep-esli artykdyr.

Beýleki habarlar