Suratlarda Watan waspy

16 Maý 2024
127

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan günlerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp keşbini, eziz Watanymyza, ene topragymyza, maşgala mukaddesligine, gözel tebigatymyza bolan söýgini çeperçilik işlerinde beýan edýän ýaş nesilleriň ukyp-başarnyklaryna mynasyp baha bermek, surat çekmek bilen meşgullanýan çagalaryň döredijilik ukybyny açyp görkezip, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşigi yglan edildi. Ýakynda bolsa bäsleşigiň etrap, şäher tapgyrlary geçirildi.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag we Aşgabat şäher hem-de welaýat geňeşleri tarapyndan guralan bäsleşiklere gatnaşyjylar öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Milli Liderimiziň gymmatly maslahatlary esasynda çagalaryň arasynda şeýle bäsleşikleriň geçirilmeginiň ýaş nesilleriň döredijilik mümkinçiliklerini, zehinini açmak bilen birlikde, olaryň mähriban Watanymyza, sahawatly topragymyza bolan söýgüsini has-da artdyrmaga ýardam berýändigini bellemek gerek. Munuň özi ýurdumyzda çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändiginiň nobatdaky aýdyň mysalydyr.

Beýleki habarlar