Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Makalalar

Derýa boýundaky tokaýlar

Häzirki wagtda ýurdumyzda hojalyk we amaly taýdan wajyp ähmiýetli ösümlikleri gorap saklamaga aýratyn üns berilýär. Bu ugurda Türkmenistanyň derýa boýlaryna ýaýran tokaýlarynyň ähmiýeti gaty uludyr. Amyderýa, Tejen, Murgap, Sumbar, Etrek derýalarynyň ýakasyna özboluşly bezeg berip oturan tokaýlarda, esasan, toraňňy, pisse, igde, ýylgyn ösýär. Ýaşaýşy derýa suwunyň akymynyň häsiýetine we derejesine bagly bolansoň, olara aýratyn ekologik şertlerde gözegçilik edilýär. Derýanyň suwy bilen ýeterlik derejede üpjün edilýär. Bu tokaýlarda toraňňy agajy has köpdür. Toraňňy çalt ösýän agaçlaryň biri bolup, 30 — 40 ýaşynda ini 80 santimetre çenli ýetýän baş sütüni emele getirýär. Uly agaçlaryň boýy ortaça 6 — 8 metrden ybaratdyr. Boýy 10 — 14 metr, sütüniniň ini 2 metr töweregi toraňňylar-da duşýar. Olar tohumyndan we wegetatiw usul bilen köpelýär. Toraňňy göni Gün şöhlesiniň astynda-da ösüşini dowam etmäge ukyplydyr. Bu agajyň derýa boýlaryndaky yzygiderli suw çalşygy onuň ýagtylyk söýüjiligi bilen özara sazlaşýar. Günbatar Türkmenistanda, Garagumuň çäklerindäki Uzboýuň köne akymynyň ugrunda uly bolmadyk meýdany tutýan toraňňy tokaýlary saklanyp galypdyr. Uzboýdaky Ýasga, Garategelek we Topýatan ýaly süýji kölleriň kenarlarynda toraňňydan

Syrdan doly mekana syýahat

Kärim daşky gurşawy goramak bilen bagly bolansoň, wagtymyň köp bölegini açyk meýdanda geçirip, adaty ösümliklere, ýabany haýwanlara gözegçilik edýärin, olary öwrenýärin. Şu ýylyň mart aýynyň ahyrlarynda Amyderýanyň sag kenaryndaky goraghananyň Nargyz tokaýlyklarynda ýaşaýan sugunlaryň ýaşaýyş şertleri bilen tanyşmak, şeýle-de ýaz paslynda otlaýan otlarynyň görnüşlerini anyklamak üçin derýaýaka tokaýlyga ugradym. Derýanyň çep gyrasyna ýanaşýan Täze ýurt obasynyň deňinden kenara gelenimde, Gün ýaňy dogjak bolup başlapdy. Beýigräk depä çykyp, Günüň ýuwaşjadan ýerden saýlanyp, älem-jahany ýagtyldyp, Zemine nur çaýyp başlanyny surata düşürdim. Ýantorbamdan dürbimi çykaryp, derýanyň aňry gyrasyny synladym. O kenarda gamyşlykdan çykyp gelýän Amyderýa sülgüniniň horazyny gördüm. Ol daş-töweregine garanjaklap, ýakynda howpuň ýokdugyny anyklady we derýanyň ýalpak gyrasyndaky gök otlardan çokup, iýmitlenip başlady. Birdenem şakyrdy eşidildi, aç şagal gamyşlykdan çykyp, sülgüne bakan ylgady. Sülgün horaz howsala düşüp, «jok-joklap» ses etdi we pasyrdap, tagaşyksyz uçup, gamyşlaryň içinde gaýyp boldy. Dürbimi we surata düşürýän enjamymy torbama salyp, derýanyň gyrasyna — gaýygyň ýanyna geldim.

Bahar öwüşginleri

Surata düşüren Ahmet TAŇRYGULYÝEW. * * *

Mu­kad­desligiň gözbaşy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ata Watanymyzda ähli ugurlarda düýpli öňegidişlikler gazanylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her ýyly ýatdagalyjy, taryhy ähmiýetli üstünlikler bilen tapawutlanýar. Iň abraýly halkara guramalarynyň biri bolan ÝUNESKO-nyň degişli komiteti tarapyndan halkymyzyň dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bilen bagly gelip gowşan hoş habar döwrümiziň şanyna şan goşdy. Taryhy müňýyllyklara uzaýan halkymyz şeýle ajaýyp habary uly buýsanç bilen kabul etdi. Aýdym-saz ynsan kalbynyň küýsegidir, içki duýgularyňy beýan etmegiň çeper nusgasydyr. Nusgawy edebiýatymyzyň eserlerinde-de aýdym-saz Adam ata we How ene ýaradylanyndan bäri bar diýlip ýazylýar. Asyrlaryň dowamynda saz gurallarynyň örän köpsanly görnüşleri emele geldi. Häzirki wagtda her bir halkyň öz milli saz gurallary, şeýle hem ählumumy medeni gymmatlyga öwrülen aýry-aýry saz gurallary bardyr. Şeýle gurallaryň taýýarlanylmagy bolsa, ilkinji nobatda, tebigatda ösýän birnäçe ösümlikler bilen berk baglanyşykly. Saz gurallaryny ýasamak üçin, köplenç, agaç gabyklary, sütüni, şahalary, gyrymsy ösümlikleriň baldaklary, haýwanlaryň şahlar

Baglar bezegidir gözel durmuşyň

Howa hem haýwanat dünýäsi

Garlawaçlar belentden-belende galyp uçsalar, ertesi howanyň açyk boljagynyň alamatydyr. *  *  *

Ýedihowuzyň «tansçylary»

Ýedihowuz meýdany «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanasynyň Şasenem çäkli goraghanasynyň çäginde ýerleşýär. Onuň adyny şol ýerlerde birnäçe howzuň bolandygy bilen baglanyşdyrýarlar. Häzirki wagtda bu ýerde ýagyş suwy toplanan kaklar we howuzlar bar. Olar giden takyrlyk meýdanda ýerleşip, ygally ýyllarda ýagyş suwundan dolýar we bu jelegaýda ýaşaýan ýabany haýwanlara suw gory bolup hyzmat edýär. Bahar paslynyň ortalarydy. Ýüzüňi emaý bilen sypap geçýän mylaýym şemal, al-ýaşyl öwsüp, güllerini güjeňläp oturan çigildemler, gyzylgozalaklar, buýnuzlar, çomuçlar göwnüňi göterýärdi. Eger ýöräp barýarkaň, bir gyrasyndan basaýsaň, ýowşanyň ýakymly ysy burnuňa urup, kalbyňy heýjana getirýärdi. Torgaýlar jürküldeşip bir eýläk, bir beýläk uçup geçýärdi. Her ýerräkde sazagyň ýa-da çerkeziň aşagynda kölegeläp oturan towşanlar gaçyp, aňyrrak baryp bukulyp oturýardy. Pyşdyllar hiç zatdan heder etmeýän ýaly, arkaýyn ýöräp, dürli otlardan saýlap iýýärdi, eger golaýlaşsaň, kellesini hem aýaklaryny çanagynyň içine çekýärdi, yzrak çekilseň, ýene-de öz ýoluny dowam etdirýärdi. Tebigatyň bu gözelliklerini synlap barşyma, birdenkä, iki sany togdara gözüm düşdi. Men derrew sazakdyr çerkeziň arkasynda gizlendim. Olar meniň bardygymy duý

Tebigaty ýangyndan goralyň!

Howanyň yssy günleriniň gelmegi bilen, ýaşyl dona beslenen gözel tebigatymyzy ýangyndan goramak möhüm wezipeleriň biridir. Tebigatymyzyň ösümlik dünýäsi dürli görnüşli bolup, olaryň käbir görnüşleri irki möhletde ýetişip, bahar paslynyň ahyrynda gurap başlaýar. Howanyň gyzyp başlamagy bilen, şol ösümlikleriň guramagy netijesinde tebigatda ýangyn döremek howpy emele gelýär. Tebigatda ýangyn howpunyň döremeginiň öňüni almak ählimiziň borjumyzdyr. Çalgy ýaglary, ýeňil ýanyjy suwuklyklary siňen matalary tebigata taşlap gitmek howpludyr, sebäbi gyzgyn howa şertlerinde çalgy ýaglary siňen matalar öz-özünden ýanyp, ýangynyň döremegine sebäp bolup biler. Tebigatda çüýşe gaplaryny we aýna döwüklerini galdyrmak hem howpludyr, günüň şöhlesiniň ugruny üýtgedip geçmegi netijesinde, ýangynyň döremegine sebäp bolýar.

Altyngül

Altyngül latyn dilinde Kentaurium diýlip atlandyrylyp, onuň iki manysy bardyr. Bir çeşmede Gerakl tarapyndan ýaralanan kentawr Hironyň (ýarym adam, ýarym at şekilindäki jandar) şu gülüň şiresi bilen ýarasyny bejerendigi barada aýdylyp, «kentawryň oty» diýen görnüşde terjime edilýär. Beýleki maglumata salgylansaň, gülüň müň bir derde dermanlygy göz öňüne tutulyp, «centum» (ýüz) we «aurum» (altyn) — «ýüz altyn» manyda düşündirilýär. Altyngül barada birnäçe halklarda dürli-dürli rowaýatlar döräpdir. Rowaýatlaryň ählisinde-de gülüň dermanlyk häsiýetleri açylyp görkezilýär. Gül sagdynlygyň nyşany hasaplanýar. Her halkda-da ol dürlüçe atlandyrylýar: altynlyk, gyzylgül, ýürekdeş, müňaltynlyk, ýedi ärlik (ýedi derde dermanlygy üçin), ýiti gözli, derdi dep ediji, ajyja... Agzyňy ajadýan tagamy üçin altyngüle käbir halklarda «ajyja», «ýeriň ajysy» hem diýilýär.

Garagumuň suw baýlyklary

Gadym döwürlerden bäri ata-babalarymyz ýerden, suwdan we beýleki tebigy baýlyklardan tygşytly peýdalanmak ýörelgelerini hojalyk işlerine berk ornaşdyrypdyrlar. Garagum sährasynda, dagetek düzlüklerinde, derýa aýaklarynda ýaşan pederlerimiz ýagyş, gar we sil suwlaryny ekin ekmek, mal bakmak işlerinde rejeli peýdalanmagy başarypdyrlar. Dag eteklerinde iň çylşyrymly we gurmasy kyn bolan kärizleri gazyp, ýerasty suwlary ýeriň ýüzüne çykaryp, suwarymly ekerançylygy ýola goýupdyrlar. Takyrlyk meýdanlarda ygallaryň, gar-ýagşyň suwuny ýygnamak boýunça inçe syrlary we tejribeleri gazanypdyrlar. Mallaryny suwa ýakyp, ýaşan ýerlerini bagy-bossanlyga öwrüpdirler. Meşhur taryhçylaryň ýazgylaryndan has geň galarlykly maglumatlary görmek bolýar. Ata-babalarymyz sähralyk şertlerinde ýagyş-sil, çeşme, derýa suwlaryny howdanlary we beýleki gidrotehniki desgalary gurmak arkaly ýygnap, ululy-kiçili ýaplary gazyp, ekerançylyk medeniýetini has ýokary derejelere götermegi başarypdyrlar. Ýerasty suwlaryň ulanylyş taryhy baradaky ýazgylar biziň günlerimize gelip ýeten maglumatlaryň has gadymylarynyň biridir. Mysal üçin, Türkmenistanyň çäklerinde biziň eýýamymyzdan öňki asyrlarda ýerasty suwlaryň Garagum sährasynda guýularyň kömegi bilen alnandygy ýa-da kärizler arkaly Nusaýa we beýleki şäherlere

Şypaly tebigat

Garagum sähramyz baharda köpöwüşginli ösümlik dünýäsi bilen göreni haýrana goýýar. «Bathyz» döwlet tebigy goraghanasynyň gözelligi bolsa özbaşyna eserdir. Köpetdagyň dag eteklerindäki toýunsow topraklarda ösýän ýylak-gyrtyçly ýowşanlyk bahar çakylygy bolup, islendik adamyň ünsüni özüne çekýär. Günorta-gündogar Garagumuň toýunsow toprakly düzlüklerinde bolsa titir, köwreýik ýaly şora gatyşykly gara ýowşanlar ösýärler. Türkmen tebigatynyň ösümlik dünýäsini doly özleşdirmek dil baýlygymyzyňam artmagyna ýardam edýär. Sebäbi olaryň köpüsiniň atlary sözleýişde diýseň seýrek ulanylýar. Garagumuň gözelligini emele getirýän ösümlik dünýäsini doly suratlandyrmak üçin epelek, arpagan, sözen, siňren, selin, ýylak, titir, köwreýik, garagan, garaçaýyr, dadran, çomuç, durnadaban, guşgözi, ýarmanlyk, peşmek, topalak... ýaly sözleri dilimizden düşürmeli däl. Sebäbi gaýtalanmajak özboluşlylygy bilen özüne çekýän ol ösümlikler türkmen topragynyň dürli ýerlerinde – Üstýurduň günortasynda, Tejen, Murgap derýalarynyň boýlarynda, ýurdumyzyň günorta-günbatarynda köp duş gelýär.

Hurma agajy

Megerem, biziň köpimiz «Jenneti hurma» agajynyň nirede ýetişýändigini bilýän hem däldiris. Görüp otursak, bu datly miwäniň topragy Hytaý hasap edilse-de, «Jenneti hurma» adyny alan bu miweli baglar Türkiýäniň çäginde, aýratyn-da, Akdeňziň ýakalarynda ösdürilip ýetişdirilýän eken. Yzgarly topraklary söýýän hurmanyň bu görnüşi Ortaýer deňziniň, Gara deňziniň sebitlerinde hem bagbançylygyň esasy bölegini eýeleýär. Hurma agajy güneşi söýýär, emma bir ýaşyna ýetýänçä, ondan uzak saklanmagy gerek. Adama suwuň gerek bolşy ýaly, hurma agajynyň hem bol suwa mätäçligi bar. Onuň ömri ortaça adamyň ömri ýalydyr. Hurma agajy sekiz ýylda ýetişýär. Mübärek Remezan aýynda saçaklarymyzyň bezegi bolan bu miwäni oraza tutýan her bir adamyň agzaçar mahaly iýmegi hem onuň bedeni gurplandyryjy, hikmetli miwedigine şaýatlyk edýär. Hurma agajynyň bir düýbi 200 – 250 kilogram miwe berýär. Bu agaç azyndan 60 – 70, kähalatda 100 – 110 ýyl ýaşaýar. Jana şypaly hurmanyň düzüminde şeker, protein we minerallar C, B1, B2 we A witaminleri bar. Lukmanlaryň tassyklamaklaryna görä, hurma birnäçe kesellere melhem bolýar. Üsgülewüge şypa berýär. Iýmit siňdiriş ýollaryny, ýatkeşligi gowulandyrýar, çalt garramagyň öňüni alýar.

Guşlar näme üçin göçýärler?!

Güýz aýlarynda uçup barýan durnalar barasynda birnäçe goşgyny okan bolsaňyz gerek. Hatar gurap barýan göçegçi guşlar gadymy döwürlerden bäri köpleriň ünsüni özüne çekipdir. Adatça guşlar güýzüne günorta ýurtlara, ýazyna günbatara, baýyrlyklaryň üsti bilen belent daglara ýa-da yklymyň jümmüşinden deňiz ýakalaryna göçýärler. Ýaşaýan ýerini täzeleýän guşlaryň dürli görnüşi bolup, olaryň köpüsi hemişe ýyly ýerde ýaşaýandygy sebäpli, gyş paslynyň gelmegi bilen başga sebitlere uçup gidýärler. Sebäbi guşlaryň aglabasy mör-möjekler ýa-da kiçijik gemrijiler bilen iýmitlenýärler. Gyşyna bolsa, bu jandarlary tapmak guşlara ýeňil düşmeýär.

Tebigat biziň öýümizdir!

«7/24.tm», №17 (100), 25.04.2022 Tebigat bilen adam aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şol baglanyşygyň dowam etmegi üçin hem dünýäde daşky gurşawy, biologik köpdürlüligi, tebigatyň haýwanat we ösümlik dünýäsini goramak, tebigy serişdelerden aýawly peýdalanmak, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek esasy wezipeleriň hatarynda goýulýar. Türkmen halkynyň taryhy kökleri mähriban topragy, gözel tebigaty, uç-gyraksyz Garagum sährasy, bereketli dag-düzleri, gojaman Hazar deňzi, onuň ajaýyp kenary bilen aýrylmaz baglydyr. Tebigat bilen ajaýyp sazlaşygy türkmeniň däp-dessurlarynda, Döwlet nyşanlarynda, egin-eşiginde, häsiýetinde görmek bolýar. Türkmeniň sadalyk, päk göwünlilik, dogry sözlülik ýaly häsiýetlerinde tebigat bilen arabaglanyşyk bar.

Ekologiýa abadançylygy — möhüm ugur

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen işler giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Bu babatda daşky gurşawy goramak boýunça çärelere, tebigata aýawly garamaga hem-de bioköpdürlüligi üpjün etmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Türkmenistanda daşky gurşawy goramak boýunça Milli tokaý maksatnamasynyň üstünlikli alnyp barylmagy aýratyn bellärliklidir. Her ýylyň ýaz we güýz möwsüminde bag ekmek boýunça işler gyzgalaňly dowam etdirilýär. Şonuň netijesinde gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheri we welaýatlaryň künjekleri bagy-bossanlyga bürendi. Ýaşyl zolaklar emele getirildi. Bu ýola goýlan işlerde halkymyzyň ekologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen möhüm işleriň giň tapgyryny görmek bolýar. Ýaşyl ýaýlalar bolsa tebigatyň ýaraşygy. Ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan Aşgabat şäherine «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin halkara güwänamanyň berlendigi hakynda hoş habary aýdyp, bu uly syýasy ýeňiş bilen hemmeleri gutlady. Bu gazanylan uly ý

Täsinlikler äleminde

Çalt ösýän agaç Dünýäde iň çalt ösýän agaç Awstraliýa we Tasmaniýa adasynda ýetişdirilen ewkaliptdir. Ömrüniň ilkinji 10 ýylynda bu agaç örän çalt ösýär. Her ýylda onuň beýikligi 4 — 5 metre çenli ösüp bilýär. 100 ýaşyna ýetende ewkaliptiň beýikligi 100 metre çenli hem ýetip bilýändir. Bu agajyň ösüş depgini dub agajyndan 4 esse ýokarydyr. Eýýäm, bäş ýaşyndaky ewkalipt plantasiýalaryny hakyky tokaý hasaplasa bolýar. Demirgazyk ýarym şar sebitleri bezeg bagçylygynda limon we gunni ewkalipti ýaly görnüşleri ösdürýärler. Bu agaçlar diňe ýagynly howa şertlerinde ösýär. Häzirki wagtda dünýäniň dürli ýurtlary bu agajy ösdürip ýetişdirmek ugrunda synag geçirýärler.

Goralýan hem öwrenilýän baýlyk

Türkmen tebigatynyň täsin ösümlik we haýwanat dünýäsi bar. Ol bahar paslynda has-da owadan keşbe girýär. Hut şeýle ajaýyp günlerde Repetek döwlet biosfera goraghanasynda «Garagum sährasy — gözelligiň asyl nusgasy» atly ylmy-okuw maslahaty geçirildi. Bu tutumly çärä Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň, goraghananyň işgärleri, şeýle-de welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlyk bölüminiň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň çäginde welaýat bölümimiziň hünärmeni Enejan Döwletowa, goraghananyň uly ylmy işgäri Nurmyrat Döwletow, goraghananyň gorag bölüminiň başlygy Guwanç Saparow dagy çykyş etdiler. Olaryň çykyşlarynda türkmen tebigatynyň gaýtalanmajak gözelligi, onuň ylmy taýdan öwrenilişi we goralyşy hakynda giňden durlup geçildi. Welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň okuw nokadynyň mugallymy, içerki gullugyň leýtenanty Agajan Weliýewiň çykyşy bolsa sähralarda we öri meýdanlarynda ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmek boýunça öňde durýan wezipelere bagyşlandy. Bu mesele howanyň gyzyp başlamagy bilen möhüm ähmiýete eýe bolýar. Çärä gatnaşyjylar goraghanada tebigatyň bahasyz baýlyklaryny ygtybarly goramak boýunça alnyp barylýan işler bilen içgin tanyşdylar. Olaryň goraghanada döredilen mu

Tebigata söýgi — Diýara söýgi

Eziz Diýarymyzda ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselelerine uly üns berilýär. Döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan tebigaty goramagyň milli maksatnamasy ykdysady, durmuş we ekologiýa ulgamlarynda öňde goýlan wezipeleriň toplumlaýyn çözülmegine esaslanýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ekologiýa bilen bagly meseleleri çözmegiň adamzat jemgyýetiniň mundan beýläk-de durnukly ösüşi bilen baglydygy giňden wagyz edilýär, arassa daşky gurşawy döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn we geljegi nazarlaýan ekologiýa syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu babatda ýaş nesilleriň kalbynda ata Watanymyzyň gözel tebigatyna bolan söýgini artdyrmak hem möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Bize bu işde Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň hünärmenleri ýakyndan ýardam edýärler. Olar çagalara ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsi, dürli bag nahallarynyň ösdürilip ýetişdirilişi, olara ideg ediliş usullary barada wideoşekilleriň üsti bilen täsirli gürrüňleri berýärler. Bu bolsa çagalarda ata Watanymyzyň tebigy gözelliklerini artdyrmaga, olary gorap saklamaga bolan höwesi has-da artdyrýar. Beýleki dersler bilen bir hatarda, başlangyç synplarda okadylýan tebigaty öwreniş dersinde çagalara ekologiýa barada ilkinji düşünjeleriň berilm

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2022-nji ýylyň aprel aýynyň 20-ne bolmagyna garaşylýan HOWA MAGLUMATY

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +12... +14°, gündizine +25... +27° maýyl bolar. Howanyň basyşy 739 mm, çyglylygy 30 — 50%. Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +12... +17°, gündizine +24... +29°, kenarýaka etraplarynda +19... +24° maýyl bolar.

Leňňeçleriň täsin dünýäsi

Ýer ýüzündäki jandarlaryň sany sanardan juda kändir. Şolaryň agramly bölegi deňizlerde, derýalarda, köllerde we beýleki suw ýataklarynda ýaşaýar. Hazar deňzinde we oňa guýýan derýalaryň aşaky akymlarynda giňden ýaýran jandarlaryň biri-de derýa leňňeçleridir. Hazar deňzinde leňňeçler maşgalasyna girýän jandarlaryň ençeme görnüşi ýaşaýar. Irki döwürlerde olar süýji suwly derýalarda ýaşapdyrlar, soň bolsa ýuwaş-ýuwaşdan deňizlere aralaşyp, şor suwda ýaşamaga uýgunlaşypdyrlar. Şeýle-de bolsa, olaryň «derýa leňňeçleri» diýen ady saklanyp galypdyr. Hazar deňzinde we oňa guýýan derýalarda, kiçi görnüşlerini hasaba almanyňda, derýa leňňeçleriniň, esasan, iki görnüşi ýaşaýar. Leňňeçleriň onaýakly derýa leňňeçler maşgalasyndan uzynaýakly leňňeç we ýogynaýakly leňňeç diýen görnüşleri bardyr. Onaýakly derýa leňňeçlerine latyn dilinde «Astacidae» diýilýär.