Syrdan doly mekana syýahat

30 Aprel 2022
1074

Kärim daşky gurşawy goramak bilen bagly bolansoň, wagtymyň köp bölegini açyk meýdanda geçirip, adaty ösümliklere, ýabany haýwanlara gözegçilik edýärin, olary öwrenýärin.

Şu ýylyň mart aýynyň ahyrlarynda Amyderýanyň sag kenaryndaky goraghananyň Nargyz tokaýlyklarynda ýaşaýan sugunlaryň ýaşaýyş şertleri bilen tanyşmak, şeýle-de ýaz paslynda otlaýan otlarynyň görnüşlerini anyklamak üçin derýaýaka tokaýlyga ugradym. Derýanyň çep gyrasyna ýanaşýan Täze ýurt obasynyň deňinden kenara gelenimde, Gün ýaňy dogjak bolup başlapdy. Beýigräk depä çykyp, Günüň ýuwaşjadan ýerden saýlanyp, älem-jahany ýagtyldyp, Zemine nur çaýyp başlanyny surata düşürdim. Ýantorbamdan dürbimi çykaryp, derýanyň aňry gyrasyny synladym. O kenarda gamyşlykdan çykyp gelýän Amyderýa sülgüniniň horazyny gördüm. Ol daş-töweregine garanjaklap, ýakynda howpuň ýokdugyny anyklady we derýanyň ýalpak gyrasyndaky gök otlardan çokup, iýmitlenip başlady. Birdenem şakyrdy eşidildi, aç şagal gamyşlykdan çykyp, sülgüne bakan ylgady. Sülgün horaz howsala düşüp, «jok-joklap» ses etdi we pasyrdap, tagaşyksyz uçup, gamyşlaryň içinde gaýyp boldy. Dürbimi we surata düşürýän enjamymy torbama salyp, derýanyň gyrasyna — gaýygyň ýanyna geldim.

Ýaňybaý ROZYKULYÝEW,
Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň uly ylmy işgäri. Surata düşüren Merdan ORAZOW.