Baglar bezegidir gözel durmuşyň

27 Aprel 2022
991

Halkymyz irki döwürlerden bäri bag ekmegi parz iş hasaplapdyr. Bag durmuşyň, ýaşaýşyň bezegidir. Ýurdumyzda bu babatda durmuşa geçirilýän işler giň gerime eýedir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda paýtagtymyzda we welaýatlarda tokaý zolaklaryny döretmek işlerine aýratyn uly üns berilýär. Ekologiýa medeniýetiniň artdyrylmagynda uly ähmiýete eýe bolan köpçülikleýin bag ekmeklik eziz Diýarymyzda döwlet derejesindäki ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda durýar. Bu babatda «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan Aşgabat şäherine «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin halkara güwänamanyň berilmegi alnyp barylýan işleriň älem içre belent ykrarnama eýe bolýandygyny görkezdi.

Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde soňky ýyllaryň dowamynda hormatly Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda, ýurdumyzda 145 milliondan gowrak bag nahalynyň ekilmegi tebigatymyzyň gözel görke eýe bolup, ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmeginde aýratyn ähmiýetli boldy. Gözel durmuşymyzyň bezegi bolan baglar barada halk arasynda kalba ýakyn jümleler  hem ýörgünlidir. «Bir agaç ekseň ýaşyň bakydyr», «Bagym bar, barym bar», «Bag — ekeniňki, ýap — çekeniňki» ýaly nakyllar we atalar sözleri halkymyzyň bag ekmeklige aýratyn hormat bilen garandygynyň alamatydyr. Bu gadymy döwletli ýörelgelerimiziň esasynda bolsa halkymyzyň zähmetsöýerlik, watansöýüjilik, tebigata aýawly çemeleşmek ýaly asylly häsiýetleriniň jemlenendigini görmek bolýar. Ekilen baga ideg edilip, onuň gowy boý almagyna we kadaly ösmegine aýratyn gözegçilik edilipdir. Bag ekmek bilen halkymyz tebigatyň gözel görke eýe bolmagyna we ekologiýanyň arassa saklanylmagyna jogapkärli çemeleşipdir. Türkmen edebiýatynyň nusgawy we ajaýyp eserlerinde hem bag ekmegiň ähmiýeti çeper suratlandyrylýar. Ýazyjy-şahyrlarymyz özleriniň döredijiliginde bag eken adamyň adynyň baky ýadygär galjakdygyny goşgy setirlerinde joşgunly beýan edýärler.

Orazberdi ŞALLYÝEW,
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň direktory.