Täsinlikler äleminde

20 Aprel 2022
1553

Çalt ösýän agaç

Dünýäde iň çalt ösýän agaç Awstraliýa we Tasmaniýa adasynda ýetişdirilen ewkaliptdir. Ömrüniň ilkinji 10 ýylynda bu agaç örän çalt ösýär. Her ýylda onuň beýikligi 4 — 5 metre çenli ösüp bilýär. 100 ýaşyna ýetende ewkaliptiň beýikligi 100 metre çenli hem ýetip bilýändir. Bu agajyň ösüş depgini dub agajyndan 4 esse ýokarydyr. Eýýäm, bäş ýaşyndaky ewkalipt plantasiýalaryny hakyky tokaý hasaplasa bolýar. Demirgazyk ýarym şar sebitleri bezeg bagçylygynda limon we gunni ewkalipti ýaly görnüşleri ösdürýärler. Bu agaçlar diňe ýagynly howa şertlerinde ösýär. Häzirki wagtda dünýäniň dürli ýurtlary bu agajy ösdürip ýetişdirmek ugrunda synag geçirýärler.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Ruhsara JUMAGELDIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.