Tebigat biziň öýümizdir!

25 Aprel 2022
1082

«7/24.tm», №17 (100), 25.04.2022

Tebigat bilen adam aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şol baglanyşygyň dowam etmegi üçin hem dünýäde daşky gurşawy, biologik köpdürlüligi, tebigatyň haýwanat we ösümlik dünýäsini goramak, tebigy serişdelerden aýawly peýdalanmak, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek esasy wezipeleriň hatarynda goýulýar. Türkmen halkynyň taryhy kökleri mähriban topragy, gözel tebigaty, uç-gyraksyz Garagum sährasy, bereketli dag-düzleri, gojaman Hazar deňzi, onuň ajaýyp kenary bilen aýrylmaz baglydyr. Tebigat bilen ajaýyp sazlaşygy türkmeniň däp-dessurlarynda, Döwlet nyşanlarynda, egin-eşiginde, häsiýetinde görmek bolýar. Türkmeniň sadalyk, päk göwünlilik, dogry sözlülik ýaly häsiýetlerinde tebigat bilen arabaglanyşyk bar.