Garagumuň suw baýlyklary

26 Aprel 2022
1257

Gadym döwürlerden bäri ata-babalarymyz ýerden, suwdan we beýleki tebigy baýlyklardan tygşytly peýdalanmak ýörelgelerini hojalyk işlerine berk ornaşdyrypdyrlar. Garagum sährasynda, dagetek düzlüklerinde, derýa aýaklarynda ýaşan pederlerimiz ýagyş, gar we sil suwlaryny ekin ekmek, mal bakmak işlerinde rejeli peýdalanmagy başarypdyrlar. Dag eteklerinde iň çylşyrymly we gurmasy kyn bolan kärizleri gazyp, ýerasty suwlary ýeriň ýüzüne çykaryp, suwarymly ekerançylygy ýola goýupdyrlar. Takyrlyk meýdanlarda ygallaryň, gar-ýagşyň suwuny ýygnamak boýunça inçe syrlary we tejribeleri gazanypdyrlar. Mallaryny suwa ýakyp, ýaşan ýerlerini bagy-bossanlyga öwrüpdirler. Meşhur taryhçylaryň ýazgylaryndan has geň galarlykly maglumatlary görmek bolýar. Ata-babalarymyz sähralyk şertlerinde ýagyş-sil, çeşme, derýa suwlaryny howdanlary we beýleki gidrotehniki desgalary gurmak arkaly ýygnap, ululy-kiçili ýaplary gazyp, ekerançylyk medeniýetini has ýokary derejelere götermegi başarypdyrlar.

Ýerasty suwlaryň ulanylyş taryhy baradaky ýazgylar biziň günlerimize gelip ýeten maglumatlaryň has gadymylarynyň biridir. Mysal üçin, Türkmenistanyň çäklerinde biziň eýýamymyzdan öňki asyrlarda ýerasty suwlaryň Garagum sährasynda guýularyň kömegi bilen alnandygy ýa-da kärizler arkaly Nusaýa we beýleki şäherlere getirilendigi barada maglumatlar bar. Bu maglumatlar şol döwrüň hünärmenleriniň ýerasty suwlaryň ýatyş, hereket ediş şertleri barada kesgitli düşünjeleriniň bolandygyny kepillendirýär.

Pygamberguly ÖWEZNEPESOW,
«Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasynyň müdiriniň orunbasary.