Derýa boýundaky tokaýlar

30 Aprel 2022
1580

Häzirki wagtda ýurdumyzda hojalyk we amaly taýdan wajyp ähmiýetli ösümlikleri gorap saklamaga aýratyn üns berilýär. Bu ugurda Türkmenistanyň derýa boýlaryna ýaýran tokaýlarynyň ähmiýeti gaty uludyr. Amyderýa, Tejen, Murgap, Sumbar, Etrek derýalarynyň ýakasyna özboluşly bezeg berip oturan tokaýlarda, esasan, toraňňy, pisse, igde, ýylgyn ösýär. Ýaşaýşy derýa suwunyň akymynyň häsiýetine we derejesine bagly bolansoň, olara aýratyn ekologik şertlerde gözegçilik edilýär. Derýanyň suwy bilen ýeterlik derejede üpjün edilýär. Bu tokaýlarda toraňňy agajy has köpdür. Toraňňy çalt ösýän agaçlaryň biri bolup, 30 — 40 ýaşynda ini 80 santimetre çenli ýetýän baş sütüni emele getirýär. Uly agaçlaryň boýy ortaça 6 — 8 metrden ybaratdyr. Boýy 10 — 14 metr, sütüniniň ini 2 metr töweregi toraňňylar-da duşýar. Olar tohumyndan we wegetatiw usul bilen köpelýär. Toraňňy göni Gün şöhlesiniň astynda-da ösüşini dowam etmäge ukyplydyr. Bu agajyň derýa boýlaryndaky yzygiderli suw çalşygy onuň ýagtylyk söýüjiligi bilen özara sazlaşýar. Günbatar Türkmenistanda, Garagumuň çäklerindäki Uzboýuň köne akymynyň ugrunda uly bolmadyk meýdany tutýan toraňňy tokaýlary saklanyp galypdyr. Uzboýdaky Ýasga, Garategelek we Topýatan ýaly süýji kölleriň kenarlarynda toraňňydan başga-da, ýylgyndan, seýrek duşýan beýleki gyrymsy agaçlardan ybarat tokaýlar bar. Maglumatlara görä, olar gadym döwürlerde Uzboýda giňden ýaýran tokaýlyklardan galan bolmaly.

Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (1999) girizilen, Garategelek kölünde mör-möjekler bilen iýmitlenýän täsin suw ösümligi — adaty böwenlije ýaşaýar. Ýurdumyzda Garategelek köli bu ösümligiň ýeke-täk duşýan ýeridir. Derýa ýakalaryndaky tokaýlaryň düzümine agaçlaryň 20-ä golaý görnüşi girýär.

Hojamguly ÇOPANOW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň uly mugallymy, biologiýa ylymlarynyň kandidaty.