Ýedihowuzyň «tansçylary»

27 Aprel 2022
1120

Ýedihowuz meýdany «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanasynyň Şasenem çäkli goraghanasynyň çäginde ýerleşýär. Onuň adyny şol ýerlerde birnäçe howzuň bolandygy bilen baglanyşdyrýarlar. Häzirki wagtda bu ýerde ýagyş suwy toplanan kaklar we howuzlar bar. Olar giden takyrlyk meýdanda ýerleşip, ygally ýyllarda ýagyş suwundan dolýar we bu jelegaýda ýaşaýan ýabany haýwanlara suw gory bolup hyzmat edýär.

Bahar paslynyň ortalarydy. Ýüzüňi emaý bilen sypap geçýän mylaýym şemal, al-ýaşyl öwsüp, güllerini güjeňläp oturan çigildemler, gyzylgozalaklar, buýnuzlar, çomuçlar göwnüňi göterýärdi. Eger ýöräp barýarkaň, bir gyrasyndan basaýsaň, ýowşanyň ýakymly ysy burnuňa urup, kalbyňy heýjana getirýärdi. Torgaýlar jürküldeşip bir eýläk, bir beýläk uçup geçýärdi. Her ýerräkde sazagyň ýa-da çerkeziň aşagynda kölegeläp oturan towşanlar gaçyp, aňyrrak baryp bukulyp oturýardy. Pyşdyllar hiç zatdan heder etmeýän ýaly, arkaýyn ýöräp, dürli otlardan saýlap iýýärdi, eger golaýlaşsaň, kellesini hem aýaklaryny çanagynyň içine çekýärdi, yzrak çekilseň, ýene-de öz ýoluny dowam etdirýärdi. Tebigatyň bu gözelliklerini synlap barşyma, birdenkä, iki sany togdara gözüm düşdi. Men derrew sazakdyr çerkeziň arkasynda gizlendim. Olar meniň bardygymy duýmadylar öýdýän, sebäbi öňki boluşlaryny üýtgetmediler. Ikisi hem ganatlaryny galgadyp, tans edýän ýaly täsin hereket edýärdiler. Bir söz bilen aýdylanda, togdarylaryň hereketini synlanyňda, «Küýküje» atly multfilmdäki tawuslaryň tans edişleri biygtyýar göz öňüňe gelýär.

Arazmyrat AMANOW,
«Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanasynyň ylym bölüminiň başlygy.