Altyngül

26 Aprel 2022
1076

Altyngül latyn dilinde Kentaurium diýlip atlandyrylyp, onuň iki manysy bardyr. Bir çeşmede Gerakl tarapyndan ýaralanan kentawr Hironyň (ýarym adam, ýarym at şekilindäki jandar) şu gülüň şiresi bilen ýarasyny bejerendigi barada aýdylyp, «kentawryň oty» diýen görnüşde terjime edilýär. Beýleki maglumata salgylansaň, gülüň müň bir derde dermanlygy göz öňüne tutulyp, «centum» (ýüz) we «aurum» (altyn) — «ýüz altyn» manyda düşündirilýär.

Altyngül barada birnäçe halklarda dürli-dürli rowaýatlar döräpdir. Rowaýatlaryň ählisinde-de gülüň dermanlyk häsiýetleri açylyp görkezilýär. Gül sagdynlygyň nyşany hasaplanýar. Her halkda-da ol dürlüçe atlandyrylýar: altynlyk, gyzylgül, ýürekdeş, müňaltynlyk, ýedi ärlik (ýedi derde dermanlygy üçin), ýiti gözli, derdi dep ediji, ajyja... Agzyňy ajadýan tagamy üçin altyngüle käbir halklarda «ajyja», «ýeriň ajysy» hem diýilýär.

Gülsenem HANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyň müdiri.