Tebigaty ýangyndan goralyň!

26 Aprel 2022
1092

Howanyň yssy günleriniň gelmegi bilen, ýaşyl dona beslenen gözel tebigatymyzy ýangyndan goramak möhüm wezipeleriň biridir. Tebigatymyzyň ösümlik dünýäsi dürli görnüşli bolup, olaryň käbir görnüşleri irki möhletde ýetişip, bahar paslynyň ahyrynda gurap başlaýar. Howanyň gyzyp başlamagy bilen, şol ösümlikleriň guramagy netijesinde tebigatda ýangyn döremek howpy emele gelýär.

Tebigatda ýangyn howpunyň döremeginiň öňüni almak ählimiziň borjumyzdyr. Çalgy ýaglary, ýeňil ýanyjy suwuklyklary siňen matalary tebigata taşlap gitmek howpludyr, sebäbi gyzgyn howa şertlerinde çalgy ýaglary siňen matalar öz-özünden ýanyp, ýangynyň döremegine sebäp bolup biler. Tebigatda çüýşe gaplaryny we aýna döwüklerini galdyrmak hem howpludyr, günüň şöhlesiniň ugruny üýtgedip geçmegi netijesinde, ýangynyň döremegine sebäp bolýar.

Muhammet ANNADURDYÝEW,
Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 210-njy Ýangyn howpsuzlyk bölüminiň gözegçisi, içerki gullugyň uly leýtenanty.