Ekologiýa abadançylygy — möhüm ugur

24 Aprel 2022
1117

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen işler giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Bu babatda daşky gurşawy goramak boýunça çärelere, tebigata aýawly garamaga hem-de bioköpdürlüligi üpjün etmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Türkmenistanda daşky gurşawy goramak boýunça Milli tokaý maksatnamasynyň üstünlikli alnyp barylmagy aýratyn bellärliklidir. Her ýylyň ýaz we güýz möwsüminde bag ekmek boýunça işler gyzgalaňly dowam etdirilýär. Şonuň netijesinde gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheri we welaýatlaryň künjekleri bagy-bossanlyga bürendi. Ýaşyl zolaklar emele getirildi. Bu ýola goýlan işlerde halkymyzyň ekologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen möhüm işleriň giň tapgyryny görmek bolýar. Ýaşyl ýaýlalar bolsa tebigatyň ýaraşygy.

Ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan Aşgabat şäherine «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin halkara güwänamanyň berlendigi hakynda hoş habary aýdyp, bu uly syýasy ýeňiş bilen hemmeleri gutlady. Bu gazanylan uly ýeňiş mähriban halkymyzyň zähmetsöýerliginiň beýanydyr.

«Mugallymlar gazeti».