Leňňeçleriň täsin dünýäsi

18 Aprel 2022
1447

Ýer ýüzündäki jandarlaryň sany sanardan juda kändir. Şolaryň agramly bölegi deňizlerde, derýalarda, köllerde we beýleki suw ýataklarynda ýaşaýar. Hazar deňzinde we oňa guýýan derýalaryň aşaky akymlarynda giňden ýaýran jandarlaryň biri-de derýa leňňeçleridir.

Hazar deňzinde leňňeçler maşgalasyna girýän jandarlaryň ençeme görnüşi ýaşaýar. Irki döwürlerde olar süýji suwly derýalarda ýaşapdyrlar, soň bolsa ýuwaş-ýuwaşdan deňizlere aralaşyp, şor suwda ýaşamaga uýgunlaşypdyrlar. Şeýle-de bolsa, olaryň «derýa leňňeçleri» diýen ady saklanyp galypdyr. Hazar deňzinde we oňa guýýan derýalarda, kiçi görnüşlerini hasaba almanyňda, derýa leňňeçleriniň, esasan, iki görnüşi ýaşaýar. Leňňeçleriň onaýakly derýa leňňeçler maşgalasyndan uzynaýakly leňňeç we ýogynaýakly leňňeç diýen görnüşleri bardyr. Onaýakly derýa leňňeçlerine latyn dilinde «Astacidae» diýilýär.

Elmira ROZUMOWA,
Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy bölüminiň laboranty.