Guşlar näme üçin göçýärler?!

26 Aprel 2022
928

Güýz aýlarynda uçup barýan durnalar barasynda birnäçe goşgyny okan bolsaňyz gerek. Hatar gurap barýan göçegçi guşlar gadymy döwürlerden bäri köpleriň ünsüni özüne çekipdir. Adatça guşlar güýzüne günorta ýurtlara, ýazyna günbatara, baýyrlyklaryň üsti bilen belent daglara ýa-da yklymyň jümmüşinden deňiz ýakalaryna göçýärler. Ýaşaýan ýerini täzeleýän guşlaryň dürli görnüşi bolup, olaryň köpüsi hemişe ýyly ýerde ýaşaýandygy sebäpli, gyş paslynyň gelmegi bilen başga sebitlere uçup gidýärler.

Sebäbi guşlaryň aglabasy mör-möjekler ýa-da kiçijik gemrijiler bilen iýmitlenýärler. Gyşyna bolsa, bu jandarlary tapmak guşlara ýeňil düşmeýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Berdimyrat ANNAÝEW,
Ýolöten etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň mugallymy.