Hurma agajy

26 Aprel 2022
2173

Megerem, biziň köpimiz «Jenneti hurma» agajynyň nirede ýetişýändigini bilýän hem däldiris. Görüp otursak, bu datly miwäniň topragy Hytaý hasap edilse-de, «Jenneti hurma» adyny alan bu miweli baglar Türkiýäniň çäginde, aýratyn-da, Akdeňziň ýakalarynda ösdürilip ýetişdirilýän eken. Yzgarly topraklary söýýän hurmanyň bu görnüşi Ortaýer deňziniň, Gara deňziniň sebitlerinde hem bagbançylygyň esasy bölegini eýeleýär. Hurma agajy güneşi söýýär, emma bir ýaşyna ýetýänçä, ondan uzak saklanmagy gerek. Adama suwuň gerek bolşy ýaly, hurma agajynyň hem bol suwa mätäçligi bar. Onuň ömri ortaça adamyň ömri ýalydyr.

Hurma agajy sekiz ýylda ýetişýär. Mübärek Remezan aýynda saçaklarymyzyň bezegi bolan bu miwäni oraza tutýan her bir adamyň agzaçar mahaly iýmegi hem onuň bedeni gurplandyryjy, hikmetli miwedigine şaýatlyk edýär. Hurma agajynyň bir düýbi 200 – 250 kilogram miwe berýär. Bu agaç azyndan 60 – 70, kähalatda 100 – 110 ýyl ýaşaýar. Jana şypaly hurmanyň düzüminde şeker, protein we minerallar C, B1, B2 we A witaminleri bar. Lukmanlaryň tassyklamaklaryna görä, hurma birnäçe kesellere melhem bolýar. Üsgülewüge şypa berýär. Iýmit siňdiriş ýollaryny, ýatkeşligi gowulandyrýar, çalt garramagyň öňüni alýar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Sähra JEPBAROWA,
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.