Tebigata söýgi — Diýara söýgi

20 Aprel 2022
1043

Eziz Diýarymyzda ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselelerine uly üns berilýär. Döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan tebigaty goramagyň milli maksatnamasy ykdysady, durmuş we ekologiýa ulgamlarynda öňde goýlan wezipeleriň toplumlaýyn çözülmegine esaslanýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ekologiýa bilen bagly meseleleri çözmegiň adamzat jemgyýetiniň mundan beýläk-de durnukly ösüşi bilen baglydygy giňden wagyz edilýär, arassa daşky gurşawy döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn we geljegi nazarlaýan ekologiýa syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Bu babatda ýaş nesilleriň kalbynda ata Watanymyzyň gözel tebigatyna bolan söýgini artdyrmak hem möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Bize bu işde Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň hünärmenleri ýakyndan ýardam edýärler. Olar çagalara ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsi, dürli bag nahallarynyň ösdürilip ýetişdirilişi, olara ideg ediliş usullary barada wideoşekilleriň üsti bilen täsirli gürrüňleri berýärler. Bu bolsa çagalarda ata Watanymyzyň tebigy gözelliklerini artdyrmaga, olary gorap saklamaga bolan höwesi has-da artdyrýar. Beýleki dersler bilen bir hatarda, başlangyç synplarda okadylýan tebigaty öwreniş dersinde çagalara ekologiýa barada ilkinji düşünjeleriň berilmegi olarda ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, bag ekmek işlerine mynasyp goşant goşmak ýaly endikleriň kemala gelmegine ýardam berýär.

Zübeýda HAJYÝEWA,
Serdar şäherindäki 6-njy orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.